Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandaky gyrgyz ilçisi wezipesinden boşadyldy


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewanyň karary bilen Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Börübek Aşirow wezipesinden boşadyldy.

Bu barada şu gün Gyrgyzystanyň prezident administrasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Prezidentiň metbugat gullugy Börübek Aşirowyň wezipesinden boşadylmagyny onuň başga wezipä geçirilýändigi bilen düşündirýär.
XS
SM
MD
LG