Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistan - Owganystan ýörite özara komissiýasy döredilýär


Penşenbe güni Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mehmud Kureşi regionda parahatçylygy üpjün etmek maksady bilen Pakistanyň we Owganystanyň ýörite özara bir komissiýa döretmekligi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Bu barada ol penşenbe güni Owganystanyň daşary işler ministri Zalmaý Rasul bilen bilelikde Yslambatda geçiren metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda mälim etdi.

Şah Mehmud Kureşiniň aýtmagyna görä, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ugrunda iş alyp barjak bu komissiýanyň düzümine bu ýurtlaryň ikisinden hem graždan ilatynyň we harby güýçleriň wekilleri girer.
XS
SM
MD
LG