Sepleriň elýeterliligi

Holokost gyrgynçylygynyň ýyl dönümi bellenildi


Penşenbe güni Germaniýanyň prezidenti Kristian Wulf bilen Polşanyň prezidenti Bronislaw Komarowskiý Holokost gyrgynçylygynyň ýyl dönümi bilen baglanyşykly matam çäresine gatnaşdylar.

Bu çäre Polşanyň territoriýasyndaky ozalky nemes nasistleri tarapyndan ulanylan Auşwis-Birkenau konslageriniň ýerleşen ýerinde gurnaldy.

Oňa Ikinji Jahan urşunda şol konslagerde saklanyp, aman galan adamlaryň bir topary we dünýäniň dürli ýurtlarynyň resmileri gatnaşdylar.

Holokost gyrgynçylygynyň ýyl dönümi her ýyl Auşwis-Birkenau konslagerindäki ýesirleriň 1945-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Sowet goşunlary tarapyndan azat edilen gününe gabatlanylyp bellenilýär.
XS
SM
MD
LG