Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dawos forumynyň geçýän ýerininiň golaýynda partlama boldy


Penşenbe güni Dünýä ykdysady forumynyň geçýän ýeri bolan Şweýsariýanyň Dawos şäherinde, bu forumyň geçýän ýerine golaý ýerdäki bir myhmanhanada kiçiräk bir partlama ýüze çykdy.

Ýerli polisiýa bu wakada hiç kimiň ejir çekmändigini habar berdi. Polisiýa häzirki wagt bu partlamanyň sebäplerini anyklamak boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygyny aýdýar.

Dawos şäherinde geçýän bu Dünýä ykdysady forumyna dünýäniň dürli ýurtlaryndan 2 müň 500 töweregi delegat gatnaşýar.

Penşenbe güni bu ykdysady forumyň çäklerinde Orsýetiň «Rostneft» kompaniýasy bilen Birleşen Ştatlaryň «Exxon Mobil» kompaniýasy Gara deňzinde nebit we gaz gözleg işleri boýunça bilelikde hyzmatdaşlyk etmek barada özara kontrakta gol çekdiler.

Olaryň bu gözleg işleri Gara deňziniň Orsýete degişli sektorynda 11 müň kwadrat kilometrden hem gowrak territoriýanyň çäklerinde alnyp barlar.
XS
SM
MD
LG