Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BBC bäş dildäki radio gepleşiklerini bes edýär


BBC korporasiýasynyň binasynyň öňündäki protestde, 26-njy ýanwar, 2011.
BBC korporasiýasynyň binasynyň öňündäki protestde, 26-njy ýanwar, 2011.

BBC korporasiýasy özüniň bäş dildäki radio gepleşiklerini bes edýändigini aýan etdi.

BBC korporasiýasy, hususan-da, özüniň alban, makedon we serb dillerindäki gepleşiklerini, şeýle hem Afrika kontinenti üçin niýetlenilen portugal dilindäki we Karib adalary üçin niýtlenilen iňlis dilindäki radio gepleşiklerini ýatyrýandygyny mälim etdi.

BBC-niň Dünýä gullugy (BBC World News) bu çäreleriň öz býujet çykdajylaryny azaltak maksady bilen edilýändigini aýdýar.

Bäş dildäki gepleşikleriň ýapylmagy Balkan regionyndaky dilleriň iň soňkularyň-da indi ýapylýandygyny aňladýar.

Mundan öň BBC radiosy horwat, bolgar we slowen dillerindäki gepleşiklerini-de ýatyrypdy. Mundan daşary, BBC radiosy Azerbaýjan, Mandarin-Hytaý, Rus, Kuba, Türkiýe, Wýetnam we Ukrain gulluklarynyň-da ähli gepleşiklerini görnetin kemeltjekdigini mälim etdi.

Internet we telewideniýe

Ýöne, radionyň maglumatyna görä, bu dillerdäki internet maglumatlarynyň we telewizion programmalarynyň ähimiýetine has uly üns berler.

Býujeti tygşytlajak bu soňky çäreleriň netijesinde BBC radiosynda 650 sany iş orny ýapylar. Munuň özi radionyň tutuş işçi güýjüniň üçden bir bölegini öz içine alýar.

Radionyň hasaplamalaryna görä, bu çäreleriň netijesinde radionyň diňleýjileriniň sany hem 30 million adam töweregi azalar. Emma, beýleki tarapdan, BBC urdu, hindi we sub-sahara dillerinde telewizion programmalary açmak ýaly käbir täze möhüm proýektlere serişdeleriň goýberiljekdigini aýdýar.

BBC Dünýä gullugynyň käbir programmalarynyň ýapylmagy we işgärleriniň sanynyň azaldylmagy geçen ýylyň güýzünde Britaniýanyň hökümetiniň nobatdaky ýyllyk hasabatynyň yzy bilen öz çykdajylaryny 16 prosent azaltmak barada gelen kararyndan soňra peýda boldy.

“British Broadcasting Corporation” Beýik Britaniýanyň esasy media guramasy bolup durýar we dünýäde iň uly efir korporasiýasy hasaplanylýar.

Bu korporasiýanyň içerki bölümleri, aglaba, ýerli ilatyň we kompaniýalaryň ýyllyk tutumlarynyň hasabyna maliýeleşdirilýär. BBC korporasiýasynyň Dünýä gullugy bolsa dünýäniň 32 dilindäki gepleşikleri öz içine alýar we ol Britaniýanyň hökümetiniň Daşary işler we Konfederasiýa ministrlikleriniň grantlary esasynda maliýeleşdirilýär.

“Kyn karar”

BBC Dünýä gullugynyň ozalky direktory Jon Tusa BBC radiosyna beren interwýusynda dürli dillerdäki gepleşikleriň ýapylmagy bilen baglanyşykly bu soňky wakalaryň BBC Dünýä gullugynyň diňleýjileri üçin örän ýakymsyz waka bolandygyny aýtdy.

Şeýle hem, ol bu wakany “Britaniýanyň halkara medeni diplomatiýasyndaky möhüm ugurlaryndan biriniň gowşadylmagy” diýip häsiýetlendirmek bilen, munuň Britaniýanyň daşary syýasatyna-da ýaramaz täsir etjekdigini oňe sürdi.

BBC-niň daşary diller gulluklarynyň ýapylmagy baradaky gutarnykly karar ahyrky netijede Britaniýanyň daşary işler sekretary Wilýam Heýge bagly bolup durýar. Wilýam Heýg bu baradaky kararyň hakykatdanam kyn karar bolandygyny aýtdy.

Çarşenbe güni Britaniýanyň parlamentinde çekeleşikli geçen diskussiýada Wilýam Heýg BBC-niň daşary diller gulluklarynyň ýapylmagyny täze möhüm we maliýe taýdan tygşytly ugurlara has uly ähmiýet bermek üçin görlen çäre hökmünde häsiýetlendirip, bu çäräni berk gorap çykyş etdi.

“Mysal üçin, Orsýetde internet arkaly maglumat alýan müşderilerimiziň sany soňky 12 aýyň içinde 120 prosent artdy, munuň tersine radiodiňleýjileriň sany bolsa 85 prosent kemeldi” diýip, Wilýam Heýg häzirki bar bolan tendensiýany düşündirdi.

BBC korporasiýasynyň Balkan dillerinde gepleşik berýän gulluklaryny ýapýan bir wagtynda Ýakyň Gündogarda meşhurlykdan peýdalanyp gelýän "Al-Jazeera" telewizion gullugy Balkan dillerinde gepleşik berýän täze kanaly açmaklygy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG