Sepleriň elýeterliligi

Belarus tussag edilen protestçileri sud etmegi çynyrgadýar


Belarus tussag edilen 30-dan gowrak aktiwistiň işini suda geçirmek planyny has-da çynyrgatdy.

Ol aktiwistler dekabrda prezident Aleksandr Lukaşenkonyň gaýtadan saýlanmagyna garşy guralan protestler mahalynda tussag edilipdiler.

Içeri işler ministri Anatoliý Kuleşow fewralyň başynda sud seljerişliginiň başlanmagy üçin tussag edilenleriň garşysyna delil toplanýandygyny aýtdy. Ministr olara 15 ýyla çenli türme tussaglygynyň garaşýandygyny aýtdy.

Tussag edilenleriň arasynda dört sany oppozisiýa lideri, Wladimir Neklýaýew, Andreý Sannikow, Nikolaý Statkewiç we Aleksandr Mihaýlewiç dagy hem bar.
XS
SM
MD
LG