Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Eýrana edilen elektron hüjüm howply diýýär


Orsýet golaýda Eýranyň ýadro programmasyna edilen elektron hüjüm 1986-njy ýylda Çernobylda bolan ýadro heläkçiligi ýaly betbagçylyga getirip biler diýýär.

Orsýetiň NATO-daky ilçisi Dmitriý Ragozin Eýranyň Buşehrdäki reaktorynyň kompýuter sistemasyna ulaşan wirusyň sentrifuga aýlawynyň kontroldan çykmagyna sebäp bolandygyny aýtdy. Ol NATO-nyň bu meseläni derňemegine çagyrdy.

Resmiler bu reaktoryň şu ýylyň başyndan energiýa berip başlajagyny aýtdylar.

Stahnet diýip bilinýän global kompýuter wirusynyň ýaýramagy birnäçe aýlyk gijikmä getirdi. Bu wirus esasan Eýrana täsir edendir öýdülýär.
XS
SM
MD
LG