Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG masgaralamak kanunçylygyny ýatyrmaga çagyrýar


ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasynyň medeniýet, ylym we magaryf komitetinde sözlän sözünde agza döwletleri metbugat azatlygy problemalaryna üns bermäge çagyrdy.

Ol žurnalistlere garşy dowam edýän zorluklar, kanuny kynçylyklar we metbugat professonallarynyň işine döredilýän adminstratiw päsgelçilikler barada gürrüň etdi.

“Masgaralamak baradaky kanunçylyk Ýewropa Geňeşine we ÝHHG-e agza bolup durýan ýurtlaryň köpüsinde henizem öňküsi ýaly giňden ulanylýar. Bu kanunlar žurnalistlere howp salýar we jemgyýetçilik bähbitli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna päsgel berýär” diýip, Miýatowiç aýtdy.
XS
SM
MD
LG