Sepleriň elýeterliligi

Tebigy baýlyk kän, emma halkda hukuk ýok


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şatlykdaky Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlangyjyna bagyşlanan dabarada, 31-nji maý, 2010.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şatlykdaky Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlangyjyna bagyşlanan dabarada, 31-nji maý, 2010.

Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barrosonyň we komissiýanyň energiýa boýunça ýörite wekili Günter Öttingeriň ýakynda Türkmenistana eden sapary günbatar habar çeşmeleriniň üns merkezinde galmaklygyny dowam etdirýär.

"Ýewropanyň sesi" neşirinde çap edilen maglumata görä, "Bu sapar ýurduň juda ýapyk we adam hukuklary baradaky gözgyny ýagdaýyna garamazdan, Brýusseliň Türkmenistanyň gazy bilen gyzyklanýanlygyny görkezdi".

Jaklin Heýl tarapyndan ýazylan makalada aýratynam şeýle diýilýär: "Ýewropa ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň liderleri bilen geçiren duşuşyklarynda adam hukuklary baradaky meseläniň gozgalanlygy hakda takyk maglumat ýok".

Edil şu sapar barada bolmasa-da, hukuk goraýjy "Human Rights Watch" guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçylaryndan Weronika Szente Goldston Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Ýewropanyň Türkmenistan boýunça alyp barýan sýyasatyny tankyt etdi.

"Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça halkara borçlaryny berjaý etmeýänligine garamazdan, Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen Hyzmatdaşlyk boýunça şertnamanyň tassyklanmagy barada alada edip gelýär" diýip, "Human Rights Watch" guramasynyň wekili Szente Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Türkmenistan energiýa baý ýurt we Ýewropa bolsa öz nobatynda energiýa mätäç. Netijede Brýussel uzak wagtdan bäri Merkezi Aziýada ýerleşýän beýleki ýurtlar bilen bir hatarda türkmen tebigy gazynyň Ýewropa akdyrylmagy barada tagalla edip gelýär.

"Şunlukda bu zerurlyk repressiw režimler tarapyndan dolandyrylýan hökümetler boýunça Brýusseliň alyp barýan syýasatynda ÝB-niň demokratik gymmatlyklarynyň nähili ähmiýeti bolmaly?" diýlen soragy hem orta atýar diýip, Jaklin Heýl öz maglumatynda nygtaýar.

"Türkmenistan ýaly ýapyk ýurt bilen hyzmatdaşlyk etmek ýa şol ýurduň ýolbaşçylary bilen haýsydyr bir kontrakt baglaşmak üçin ýewropa ýolbaşçylary türkmen liderlerine "sowgat" bermeli bolýarlar, bu ýagdaý bolsa garaňky çukura pul zyňan ýaly, ýewropa ýolbaşçylary hem bu hakykata göz ýetiren bolmaga çemeli" diýip, maglumatda aýdylýar.

Gaz we diktatura

Makalanyň awtory Jaklin Heýl öz synyny ýene şeýle dowam etdirýär. "Ýewropa ýolbaşçylarynyň Türkmenistana ýakynda eden sapary Brýusseliň Aşgabat boýunça diplomatik ugurdan deňagramly syýasat alyp barmagy dowam etdirýänligini aňladýar".

ÝB energiýa çeşmelerini köp ugurly etmek boýunça Hazaryň, şol sanda Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň gazyny gurulmagy planlaşdyrylýan "Nabukko" proýekti arkaly Ýewropa akdyrmak barada tagalla edip gelýär.

Emma Waşingtonda ýerleşýän "Foreign Policy" žurnalynyň redaktorlaryndan biri, energiýa barada kitap ýazan synçy Stýu Lewin şeýle tagallalara garamazdan, türkmen gazynyň Ýewropa akdyrylmagynyň aňsat bolmajagyny aýdýar we ýewropa ýolbaşçylary bu ugurdaky kynçylyklara ýeterlik göz ýetirmeýän bolmaga çemeli diýýär.

"Barroso Türkmenistana sapar etdi. Belki, ol prezident Berdimuhamedow bilen ýüzbe-ýüz gepleşik geçirse, türkmen gazynyň Ýewropa akdyrylmagy barada ony pozitiw karara gelmäge razy edip biljekdigini pikir eden bolmaly, emma bu ýakyn wagtda boljak zat däl" diýip, Stýu belledi.

"Öňki prezident Nyýazow we onuň ornuna geçen Berdimuhamedow Ýewropa gaz akdyrmak baradaky şertnama gol goýmakdan çekinip gelýärler, onuň sebäbini bilmek gaty kyn. Olar haçanda gaz söwdasy barada Hytaý bilen ylalaşyga gol goýanda, kän uzaga çekmän, turbanyň gurluşygy başlandy we häzirem şol turbadan gazyň akyp başlanlygy barada habarlar gowuşýar".

"Ýewropanyň sesi" atly habar çeşmesiniň maglumatyna görä, türkmen gazyna bolan talap barha artýar, diňe Ýewropa däl, Hytaý we Orsýet hem türkmen gazyna hyrydar.

"Emma şeýle gyzyklanmanyň dowam etmegine garamazdan, ýa-da, belki, hut şol sebäpli, Türkmenistanyň ilatynyň ýagdaýynda o diýen özgerişlik göze ilmeýär. Ilatyň arasynda gara sanawa girizilip, ýurtdan çykyp bilmän ýörenleriniň sany az däl" diýip, Jaklin Heýl synyny jemleýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG