Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tunis: öňki prezidente garşy jenaýat işi gozgaldy


Tunisiň öňki prezidenti Ben Ali we onuň aýaly Leýla prezidenlik saýlawlary boýunça kampaniýada, Tunis, 11-nji oktýabr, 2009.
Tunisiň öňki prezidenti Ben Ali we onuň aýaly Leýla prezidenlik saýlawlary boýunça kampaniýada, Tunis, 11-nji oktýabr, 2009.
Tunisde henizem dartgynly ýagdaý dowam edýär. Çarşenbe güni hem Tunis şäherinde närazylyk aksiýalaryna gatnaşyjylar bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyklar dowam etdi. Aksiýa gatnaşyjylar geçiş hökümetinden öňki prezidentiň partiýasynyň agzalarynyň çykarylmagyny talap etdiler.

Çarşenbe güni Tunisiň adalat ministri Lazar Çebbi Tunisdäki soňky ýagdaýlar barada metbugat konferensiýasyny geçirdi. Konferensiýada ministr Lazar Çebbi Tunisiň öňki prezidenti Zine El Abidine Ben Aliniň maşgala agzalaryna we özüne garşy jenaýat işiniň açylandygyny habar berdi: “Öňki prezidentiň maşgalasyna we onuň ähli garyndaşlaryna garşy jenaýat işi açyldy. Elbetde, onuň özüne garşy hem jenaýat işi gozgaldy. Häzir derňew işleri dowam edýär”.

Tunisi 23 ýyl dolandyran we ýurtdaky närazylyk demonstrasiýalaryndan soň Saud Arabystanyna gaçyp giden öňki prezident Ben Ali we onuň maşgala agzalaryny tussag etmek barada order berlendigini ol sözüniň üstüne goşdy.

Tunisiň adalat ministri Lazar Çebbiiniň sözlerine görä, Interpoldan prezident Ben Alini we onuň maşgala agzalaryny halkara gözlegine bermek soralypdyr. Ben Ali we onuň garyndaşlary döwletiň baýlyklaryny ogurlamakda we daşary ýurt walýutalaryny ýurtdan bikanun alyp çykmakda günälenýärler.

Tunisdäki dowlet agdarylyşygy dünýä tejribesindäki şuňa meňzeş ilkinji ýagdaý däl. Şonuň üçinem ýurdy taşlap, gaçyp giden prezidentleriň ele salnyp, ogurlanan baýlyklaryň yzyna gaýtarylmagyna syýasaty öwrenijiler kän bir ynanmaýarlar.

Gyrgyz tejribesi

Gyrgyzystanly garaşsyz žurnalist Tolkun Umaralyýew halkara gözlegine berlen Tunisiň öňki liderlerini tussag etmegiň kyn düşjekdigini aýdýar we sebäbi Tunisiň häzirki hökümetiniň önki liderleri gözlemekden möhümräk işleri kän diýýär.

”Ikinjiden, Gyrygyzystanda hem 2005-nji we 2010-njy ýyllarda iki gezek döwet agdarylyşygy boldy. Täze gelen hökümet iki gezekde-de öňki hökümeti demokratik prinsipleri we adam hukuklaryny gödek bozmakda, döwletiň emlägini ogurlamakda gunäläp, olaryň garşysna halkara gözlegi yglan edipdi. Olaryň biri tapylmasa-da, beýlekisi tapyldy. Emma şonda-da ony getirip, jenaýat jogapkärçiligine çekmediler”.

Tolkun Umaralyýew öz sözüni şeýle dowam edýär: “Eger-de Tunisde hukuga, demokratik prinsiplere, adam hukularyna hormat goýýan hökümet peýda bolsa, ol ýagdaýda öňki prezidenti jenaýat jogapkärçiligine çekmekleri mümkin. Emma Gyrgyzystanyň tejribesini mysal alsak, jenaýatçy prezidentler gaýtarylyp getirilen ýagdaýynda hem olaryň hukuklarynyň bozulmazlygyna hiç kim kepil geçip bilmezdi”.

Garaşsyz žurnalistiň sözlerine görä, Tunisdäki wakalar Merkezi Aziýanyň liderlerine sapak bolup bilmeýär. Tersine, olar awtoritar režimi öňküden hem pugtalandyrmaga çalyşýarlar.

“Edil Tunisdäki ýaly waka goňşy Gyrgyzystanda iki gezek gaýtalandy. Emma barybir Özbegistanda, Täjigistanda we Gazagystanda hiç hili özgerişlik bolmady. Goňşy Türkmenistanyň prezidenti hem Nyýazowyň syýasatyny dowam etdirýär “ diýip, ýaş syýasatçy garaşsyz žurnalist Tolkun Umaralyýew aýtdy.

Häzirki wagtda Tunisde gaýtadan awtoritar döwletiň we lideriň döremegine ýol goýmazlyk üçin ýörite kanunlar işlenip düzülýär.
XS
SM
MD
LG