Sepleriň elýeterliligi

Ýemen: müňlerçe protestçi prezidentiň işden çekilmegine çagyrýar


Ýemeniň paýtagtyna ýygnanan müňlerçe protestçi prezidentiň işden çekilmegine çagyrdy.

Protestçiler Sanaanyň azyndan dört sany dürli-dürli ýerinde ýyganyşdylar.

“Reuters” Sanaa uniwersitetiniň gapdalyndan azyndan 10 müň protestçiniň ýygnanandygyny, paýtagtyň başga ýerlerinde bolsa 6 müňdem gowrak demonstrantyň toplanandygyny aýdýar.

Protestçiler golaýda Tunisde awtoritar prezidentiň agdarlyşygyny ýatladyp, hökümete garşy şygyrlara gygyrýalar.

Ýemeniň prezidenti Aly Abdulla Saleh 1978-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda otyr.
XS
SM
MD
LG