Sepleriň elýeterliligi

El-Baradeý protestleriň täzelenmeginiň arasynda Kaire geldi


Müsür polisiýasynyň ýurduň birnäçe şäherinde protestçilere garşy göreşýän wagtynda Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesi Mohammed El-Baradeý, prezident Hosni Mubarege garşy oppozisiýa goşulmak üçin, öz ýurduna dolanyp geldi. El-Baradeý Müsüre Wenadan geldi.

“Men ol ýerde adamlar bilen bolaryn, hususan-da köçelerdäki parahat demonstrasiýalaryň öňüni çeken, olary gurnan we ugrukdyran ýaşlar bilen bolaryn. Men olara elimden geldigiçe syýasy goldaw, ruhy we ahlak goldawyny bermeli. Men olaryň arasynda bolmaly. Olar meniň adamlarym we men şol ýerde bolmaly. Men täze Müsüri görmek isleýärin” diýip, El-Baradeý aýtdy.

Ol Müsürde geçişiň öňüni çekmäge taýýardygyny aýdýar.

Suezde polisiýa Mubaregiň 30 ýyllyk dolandyryşynyň soňlanmagyna çagyrýan ýüzlerçe protestçä garşy rezin oklary atdy we göz ýaşardyjy gazlary ulandy.

Ismaliýada ýüzlerçe protestçi göz ýaşardyjy gaz ulanan polisiýa bilen çaknyşdy.
XS
SM
MD
LG