Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dawos: Merkezi Aziýa gün tertibinde


Dünýä ykdysady forumynyň ýazgysy Kongress Merkeziniň aýnasynda, Dawos, 25-nji ýanwar, 2010
Dünýä ykdysady forumynyň ýazgysy Kongress Merkeziniň aýnasynda, Dawos, 25-nji ýanwar, 2010

Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleriniň köp ugurly we bäsleşikli bolmagy maýa goýujylar üçin täze ykdysady mümkinçilikleri döredip biler diýip, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OECD) hasabatynda aýdylýar.

Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçirilýän Dünýä ykdysady forumynda “Merkezi Aziýanyň bäsdeşlik perspektiwalary” atly hasabatyny köpçüligiň dykgatyna hödürlemek bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (YHÖG) Merkezi Aziýa regionynda global inwestorlar üçin bar bolan ykdysady mümkinçiliklere ünsi çekýär.

Potensial uly

YHÖG Ýewraziýanyň bäsdeşlige ukyby boýunça programmasynyň müdiri we hasabatyň awtory Fadi Farra Merkezi Aziýa regionyna halkara maliýe goýujylary tarapyndan şu çaka çenli ýeterlik derejede üns berilmänligini aýdýar.

Farranyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, beýleki regionlar bilen deňeşdirilende Merkezi Aziýanyň öz mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak üçin öz bäsdeşlik ukybyny güýçlendirmäge uly potensialy bar.

Energiýa eksportyna daýanýan ykdysadyýetli Türkmenistan we Gazagystan ýaly ýurtlaryň bäsdeşlige ukyby esasan oba hojalygyna bil baglaýan Täjigistan we Owganystan ýaly döwletlerden tapawutlanýar.

YHÖG-niň hasabatynda energiýa serişdelerine baý döwletleriň uglewodorod serişdeleriniň möçberine degişli käbir sanlar berilýär we Türkemenistanyň 223 ýyla ýetjek gaz baýlygynyň bardygy aýdylýar.

Emma Merkezi Aziýa döwletleriniň nebit-gaz, suw, mineral resurslary, altyn we alýuminiý ýaly resurslaryndan başga-da, oba hojalygynyň hem uly mümkinçilikleri döredýän ugurdygy aýdylýar we Türkmenistan we Özbegistan üçin pagta önümçiliginiň ähmiýeti bellenýär.

Hasabatyň awtory Fadi Farranyň sözlerine görä, Merkezi Aziýa göni halkara inwestisiýalar üçin barha amatly regiona öwrülip barýar. 2003-2009-njy ýyllar aralygynda regionda ýatyrylan maýa goýumlarynyň möçberi bolsa çak bilen bäş esse ýokarlanypdyr.

Teklip berilýär

Hasabatda Merkezi Aziýa döwletleri öz mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin geografik ýerleşişi, tebigy baýlyklary we zähmetkeş hem ýaş işçi güýji ýaly aýratynlyklaryndan peýdalanmaga ukybyny artdyrmaly diýilýär. Munuň üçin bolsa düýpli reformalar, innowasion syýasat we sosial programmlar bilen bagly ugurlara ünsi güýçlendirmeli diýlip nygtalýar.

“Merkezi Aziýanyň bäsdeşlik perspektiwalary” hasabatyň awtory Faddi Farranyň bellemegine görä, özgerişlikleriň gidişi regionyň döwletleriniň syýasatyndaky päsgelçilikleriň näderejede aradan aýryljagyna hem bagly bolar.

YHÖG regionyň döwletleriniň bäsdeşlige ukybyny güýçlendirmek üçin hökümetlere düýpli reformalary geçirmegi hem teklip edýär. Zerur şertler hökmünde iş güýji bilen iş orunlaryna bolan talaplaryň arasyndaky deňsizligi we kiçi biznesiň gowşak maliýeleşdirilmegi, şeýle hem energiýa sektoryna çakdanaşa bil baglamak ýaly problemalary aradan aýyrmak teklip edilýär.

Hasabata görä, reformalar üç ugra gönükdirilmeli, ýagny olar bilimi, kiçi we orta gurply şirketleri we önüm söwdasyndan başga ugurlary maliýeleşdirmek meselesine degişli bolmaly.

Hasabatyň tanyşdyrylyş çäresine gatnaşýanlaryň arasynda döwlet resmilerine garanda biznes wekilleri has köp bolar. Bu çärä döwlet resmilerinden Şweýsariýanyň, Azerbaýjanyň we Ukrainanyň prezidentleri, şeýle-de Gazagystanyň premýer-ministri gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG