Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birleşen Ştatlar Belarus sanksiýalaryny güýçlendirýär


ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň uly resmisi Birleşen Ştatlar Belarusa garşy berk sanksiýalar girizer we bu ýurduň graždan jemgyýeti pudagyna maliýe goldawyny artdyrar diýdi.

Ol bu çäräniň Minskiniň demokratiýa aktiwistlerine ýowuz daraşmasyna jogapdygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Filip Gordon bu beýanaty Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetinde bolan diňlenişikde etdi.

Ol bu sanksiýalar amerikan kompaniýalaryna we şahsyýetlerine Belarusyň “Belneftehim” kompaniýasy bilen işleşmegi gadagan eder we hökümet resmilerine wiza gadaganlygyny giňelder diýdi.

Şeýle-de ol Birleşen Ştatlaryň graždan jemgyýete berýän kömeginiň 3 million dollar çemesi artdyryljagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG