Sepleriň elýeterliligi

Amerikanyň Azerbaýjana saýlan ilçisi öňe süýşýär


Prezident Barak Obama amerikan Senatyndan özüniň Azerbaýjan üçin saýlan ilçisini tassyklamagyny haýyş etdi.

Prezidentiň Azerbaýjan üçin ilçilige hödürlän kandidatyna amerikan ermeni toparlary garşy çykypdy.

Metýu Braýzanyň ilçiligi geçen ýyl, Kaliforniýadaky ermeni diasporasyna wekilçilik edýän Barbara Bokseriň Senat komitetindäki garşylygy zerarly tassyklanman galypdy.

Obama dekabrda komitet tassyklamasyndan sowulmak üçin özüniň ýerine ýetiriji häkimiýetini ulandy we Braýzanyň kandidaturasyny doly Senat tassyklamasyna iberdi.

Amerikan ermenileri Braýzany prezident Ylham Alyýewiň hökümetine gaty ýakyn durmakda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG