Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Milli howpsuzlyk: nämedigi näbelli kemçilikler


Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Çarymyrat Amanow.
Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Çarymyrat Amanow.
Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň netijelerine seredildi.

Prezidentiň çykyşyndan soň, Mejlisde Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary goranmak ministri Ý. Berdiýew, Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow, Baş prokuror Ç.Hojamuradow, milli howpsuzlyk ministri Ç.Amanow dagylar özleriniň ýolbaşçylyk edýän gulluklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Milli howpsuzlyk ministri Çarymyrat Amanow türkmen jemgyýetiniň parahat durmuşynyň, ýurdun abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde edilýän işler barada hasabat berdi. Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, degişli ministrliklerde we hukuk goraýjy edaralarda Milli howpsuzlyk ministrliginde terbiýeçilik işlerini güýçlendirmelidigini, şeýle hem olaryň, özlerine ynanylan pudaklardaky işleriň ýagdaýyna jogapkärçiligi ýokarlandyrmalydygyny aýtdy.

Prezident Milli howpsuzlyk ministri Çarymyrat Amanowyň işleýşinden nägilelik bildirip, öz wezipesini göwnejaý ýerine ýetirmändigi we işde goýberen kemçilikleri üçin oňa berk käýinç yglan etdi. Şeýle-de, eger-de goýberilen kemçilikleri gysga wagtda düzetmese, ministriň wezipesinden boşadyljakdygyny aýtdy.

Çak edibermek galýar…

Emma prezident Ç.Amanowa nähili kemçilikleri üçin käýinç berilýändigini anyk aýtmady. Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bolsa Türkmenistanyň habar serişdelerinde hem Çarymyrat Amanowa käýinç berilmeginiň anyk sebäpleri barada hiç zadyň aýdylmandygyny belläp, onuň sebäbiniň dünýäde bolup geçýän hadysalar bilen bagly bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.

“Ýurtda, umuman, asudalyk. Howpsuzlyk ministrine käýinç berer ýaly zat ýok. Käbir zatlaryň öňünden gaçylýan bolmagy mümkin. Arap döwletlerindäki wakalar we Moskwadaky terrorçylyk hüjümleri bilen bagly Türkmenistanyň gowşak taraplarynyň göze ilýän bolmagy mümkin. Metbugatda aç-açanlyk bolmansoň, anyk bir zat diýmek kyn bolýar” diýip, ýazyjy A.Bugaýew aýdýar.

Ç.Amanow Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesine 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda bellenipdi. 2008-nji ýylyň 5-nji martynda Berdimuhamedow Milli howpsuzlyk ministri Ç.Amanowa işinde goýberen düýpli kemçilikleri, prezidentiň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişine kontrollygy gowşadandygy we kadrlary saýlamak meselesinde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edipdi. Goýberilen kemçilikler gysga wagtda düzedilmese, wezipesinden boşadyljakdygyny hem aýdypdy.

2010-njy ýylyň oktýabrynda prezident Berdimuhamedow Ç.Amanowy Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny we territorial bütewiligini goramakda goşan goşandy üçin “Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin” diýen medalyň 3-nji derejesi bilen sylaglapdy.
XS
SM
MD
LG