Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada Dumanyň öňüne çykan bäş aktiwist tussag edildi


Anna güni Moskwanyň polisiýasy polisiýa baradaky täze kanunyň taslamasyna garşy protest bildirip, Döwlet Dumasynyň binasynyň öňüne ýygnanan bäş sany aktiwisti tussag etdi.

Anna güni Orsýetiň Döwlet Dumasy polisiýa baradaky täze kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdy.

Bu kanunyň taslamasyna garşy bu günki protest çäreleri aýry-aýry aktiwistler tarapyndan özbaşdak gurnaldy. Orsýetiň kanunyna görä, haýsydyr bir raýatyň özbaşyna geçirýän protesti üçin hiç bir hili resmi rugsat talap edilmeýär.

Bu protest çäresi bilen bagly tussag edilenleriň arasynda «Lewyý front» atly oppozision hereketiň koordinatory Sergeý Udalsew hem bar.

Ol telefon arkaly Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda polisiýa baradaky täze kanunyň ýurduň polisiýasynyň ygtyýarlyklaryny has-da artdyrýandygyny aýdyp, muňa özleriniň garşydyklaryny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG