Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda amerikan konsullygynyyň işgäri tussag edildi


Anna güni Pakistanyň Lahor şäherinde Birleşen Ştatlaryň konsullygynyň işgäri düýn iki adamy atyp öldürenlikde aýyplanylyp, tussag edildi. Ol şu gün şäher sudunda geçirilen gysgajyk diňlenişikden soň, tussag astyna alyndy.

Amerikan konsullygynyň bu işgäriniň kimdigi barada anyk maglumat berilmeýär.

Maglumata görä, bu resmi düýn özüni talamak üçin yzyna düşen iki sany raýaty öz howpsuzlygyny goramak üçin atandygyny aýdypdyr.

Pakistanyň polisiýasy düýn bu resminiň iki sany raýaty atandan soň, ol atylanlara kömege baran ýene bir adamy hem maşyny bilen kakdyryp öldürendigini aýdýar.

Polisiýa amerikan konsullygynyň bu işgärine bikanun ýarag götermekde we üç adamy öldürmekde jenaýat aýyplamasynyň bildirilýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG