Sepleriň elýeterliligi

Müsür: nobatdaky gezek müňlereçe protestçi köçelere çykdy


Anna güni Müsüriň paýtagty Kairde ýene nobatdaky gezek müňlerçe protestçiler ýurduň prezidenti Hosni Mubaregiň wezipesinden çekilmegine çagyryş edip, demonstrasiýa geçirdiler.

Protest çykyşlarynyň barşynda demonstrasiýaçylar polisiýa güýçleri bilen çaknyşdylar. Polisiýa güýçleri protestçileri dargytmak üçin rezin ok atýan ýaraglary, göz ýaşardyjy gazlary we güýçli suw çüwdürimlerini ulandylar.

Habar agentlikleri Müsüriň käbir beýleki uly şäherlerinde-de protestçiler bilen polisiýanyň arasynda şuňa meňzeş çaknyşyklaryň bolandygyny habar berýärler.

Bu protest çykyşlarynyň fonunda şu hepde asly müsürli, Nobel baýragynyň laureaty Mohammed El-Baradeý hem öz ýaşaýan ýeri bolan Awstriýadan Müsüre bardy.
XS
SM
MD
LG