Sepleriň elýeterliligi

Iordaniýada müňlerçe protestçiler demonstrasiýa geçirdiler


Anna güni Iordanyň paýtagty Ammanda we ýurduň käbir beýleki uly şäherlerinde müňlerçe protestçiler syýasy we ykdysady reformalary talap edip, demonstrasiýa geçirdiler.

Amman şäheriniň merkezinde 3 müň töweregi adamyň öz milli baýdaklaryny göterip we Müsürdäki protest çykyşlaryna raýdaşlyk bildiriji şygarlary gygyryşyp, ýöriş geçirendikleri habar berilýär.

Munuň özi soňky üç hepde bäri Iordanda her anna güni geçirilýän protestleriň üçülenjisidir.

Iordandaky bu protestlere Tunisde we Müsürde ýüze çykan halk gozgalaňlary uly itergi berdi.
XS
SM
MD
LG