Sepleriň elýeterliligi

Lukaşenko halkara gabawyna düşýär


Aleksandr Lukaşenko prezidentlige kasam edişlik dabarasynda, Minsk, 21-nji ýanwar, 2011-nji ýyl.

Aleksandr Lukaşenko prezidentlige kasam edişlik dabarasynda, Minsk, 21-nji ýanwar, 2011-nji ýyl.

Waşington Belarusyň garşysyna häzirki bar bolan sanksiýalary güýçlendirip, ýurduň gysyş astyndaky graždan jemgyýetine edilýän maliýe kömegini artdyrmakçy.

Döwlet sekretarynyň kömekçisi Filip Gordonyň senatyň Daşarky gatnaşyklar baradaky komitetinde geçen diňlenişikde bellemegine görä, amerikan kompaniýalaryna we şahsyýetlerine Belarusyň nebit we himiýa kompaniýasy ”Belneftehimiň” iki filialy bilen söwda gadagan ediler. Prezident Lukaşenkonyň ýurdy maliýe taýdan kontrollyk astynda saklamagynda esasy rol oýanýan hut şu kompaniýa diýilýär.

Gordon şeýle hem Birleşen Ştatlara barmagy gadagan edilen hökümet işgärleriniň sanynyň artdyryljakdygyny, käbir şahsyýetleriň we guramalaryň garşysyna goşmaça maliýe sanksiýalarynyň giriziljekdigini mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, bu çärelerden daşgary graždan jemgyýetine edilýan maliýe kömegi hem köpeldiler.

“Birleşen Ştatlar öten ýyl graždan jemgyýetine 11 million dollar pul kömegini etdi. Bu maglumat elýeterliligi, syýasy bäsleşik we belaruslaryň daşky dünýä bilen ara baglanyşygy üçin sarp edildi. Biz Belarusda bolan soňky wakalara gaýtawul hökmünde bu ýyl bular ýaly kömekleri 30 prosent artdyrýarys” diýip, Gordon aýtdy.

19-njy dekabrda geçen jedelli saýlawdan soň turan protestlerde Belarusda 600-den agdyk adam tutuldy. Waşingtonyň Belarusyň hökümetine garşy planlaşdyrýan çäreleri Minskiniň demokratiýa ugrunda iş alyp barýan aktiwistleri basyp ýatyrmagyna berilýän gaýtawul.

Belarusa duýduryldy

Diňlenişikde görkezme berenleriň ýene biri Tomas Melia. Ol ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Demokratiýa, adam hukuklary we zähmet býurosynda Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary. Melia üstümizdäki hepde Minskä eden saparynda belarus häkimiýetlerini täze sanksiýalardan habarly edendigini aýtdy.

“Meniň Minskiden gelenime entek 48 sagat-da geçenok. Men ol ýere Döwlet sekretary Klinton tarapyndan halkara jemgyýetçiliginiň gahar-gazabynyň barha artýandygyny, ýiti gaýtawulyň golaýlap gelýändigini hökümete bildirmek üçin gitdim” diýip, Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili Tomas Melia aýtdy.

Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary Tomas Melia ABŞ-nyň aladalaryny Belarusyň Daşary işler ministrliginde resmiler bilen ýüzbe-ýüz duşuşanda aýdypdyr. “Olar halkara jemgyýetçiligi bilen dostlukly ganaşyklary dikeltmek umytlarynyň gözleriniň alnynda duman bolup, asmana sowrulandygyna göz ýetirdiler” diýip, Melia aýtdy.

Düşünişmekçi däl


Emma Lukaşenko ABŞ-dan we Ýewropadan gelýän sanksiýalara boýun egerli görnenok. Ol 27-nji ýanwarda wiza gadagançylygy barada ýewropa kanun çykaryjylaryna öz parlamentinden: “Sanksiýalar bilen, wiza gadagançylygy bilen meni gorkuzdyňyz. Hudaý size ýaran bolsun. Men 10 ýyl bäri wiza gadagançylygy bilen ýaşap ýörün. Şindi-de ölemok, janym sag” diýip, jogap berdi.

Belarusyň garşysyna gönükdirilýän sanksiýalar ýeke Waşingtondan gelenok. Ýewropa Bileleşigi hem Minskiň garşysyna öz sanksiýlaryny planlaşdyrýar. Bu barada 31-nji ýanwarda ses berişlik geçýär.

Bu aralykda Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy dekabr saýlawlaryndan bäri Belarusda oppozision aktiwistlere, olaryň garyndaşlaryna we tarapdarlaryna ýurduň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan görkezilýän gysyşyň üznüksiz dowam edýänligini habar berýär.

Diňlenişikde Senator Riçard Durbin bu aýdylýanlaryň dogrudygyny özüniň görendigini aýtdy. Ol şeýle diýdi: “Belarusyň KGB-si aktiwistleriň we olaryň garyndaşlarynyň öýlerini dökýär. Olary tutup, zulum-sütem edýär. Olara jaň edip, ýalan zatlary ýöňkeýär. ‘Hyzmatdaşlyk etseňiz, şeýle bolar, beýle bolar’ diýýär. Bular Belarusda şindi-de ölüp gitmedik Stalin döwründen galan taktikalar”.
XS
SM
MD
LG