Sepleriň elýeterliligi

Etiň bahasy barha gymmatlaýar


S.Gulgeldiýew: "Öri meýdanlaryň ýetmezçilik etmesi, ot-iýmleriň bahasynyň ýokarylygy mallary köpeltmekde päsgelçilik döredýär".

S.Gulgeldiýew: "Öri meýdanlaryň ýetmezçilik etmesi, ot-iýmleriň bahasynyň ýokarylygy mallary köpeltmekde päsgelçilik döredýär".

Soňky döwürlerde ýurduň radio-telewideniýesinde, metbugatda Türkmenistanyň oba hojalygynyň iň bir ösýän pudaklygy, aýratyn-da maldarçylygyň has ösýänligi hakdaky habarlar köp berilýär.

Aslynda welin, oba hojalygynda-da üýtgeşik bir ösüş görünmeýär. Bu ýagdaý maldarçylyk önümleri babatda-da görnetin duýulýar.

Häzirki wagtda Aşgabadyň bazarlarynda jylka etiň bahasy bäş amerikan dollaryna barabar. Süňkli etiň bahasy dört dollar. Iň az iýlende islendik türkmen maşgalasynda on kilogram et iýilýär. Ýüz dollarlyk aýlyk alýan maşgalalarda, eýýäm aýlygyň ýarysy ete gidýär. Ýa-da aýdalyň, bütinleý aýlyksyz maşgalalar-da örän köp. Onsoň çagalar üçin egin-eşik, maşgala üçin un, tüwi, ýag, kartoşka, sogan ýaly, gündelik zerur önümleri aljak bolsaň, etiň dört-bäş dollar bolmagy maşgala agram salýar.

Halk soňky döwürde mallary köpeltmän duranok. Ýöne öri meýdanlaryň ýetmezçilik etmesi, ot-iýmleriň bahasynyň ýokarylygy mallary köpeltmekde päsgelçilik döredýär. Bazarlarda et söwdasynyň diňe şahsy hojalyklara degişli bolup galmagy etiň bahasynyň bazaryň ýagdaýyna görä, birsydyrgyn gymmatlap durmagyna eltýär.

Oba ýerlerinde örän köp daýhanlaryň maşgalalarynda ýeterlik mukdarda et iýilmeýär. “Mäşli, noýbaly, kädili çorba bişirsek, öýdäkileriň hiç birisiniň iýesi gelenok. Ýüzlerini kürşerdip otyrlar. Her gün etli nahary nireden tapjak” diýşip, oba adamlary biri-birleri bilen derdinişenlerinde aýdýarlar.

“Et iýmeýänlerine oba ýerlerindäki köp höjalyklaryň özleri günäkär” diýýänlerem bar. “Iň bolman, olar öz melleklerindäki ot bilen her aýda iýjek goýunlaryny özleri ösdürip ýetişdirmeli. Olar ýalta bolupdyrlar. Her kim taýýaryny satyn alyp iýmek isleýär”.

Guzyny soýup iýer ýaly derejä eltýänçäň azyndan iki-üç ýyllap bakmaly bolýandygyny daýhanlar aýdýarlar. Üstesine-de, goýun malynyň örän ejizdigini aýdyp, olaryň häli-şindi keselläp, ölüp durýanlygyndan nalaýarlar, olary ösdürip ýetişdireniňden, satyn alyp iýeniň aňsat düşýänligini nygtaýarlar.

Ýaşaýyş üçin her kimiň öz filosofiýasy bar. Hiç kime hiç zady öwredip hem bolanok. Şeýle ýagdaýda durmuşy her kim özüçe itekläberýär.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG