Sepleriň elýeterliligi

Mubarek hökümeti dargatdy, emma özi galmakçy, protestler bolsa dowam edýär


Müsürdäki protestleriň bäşinji gününde protestçiler ýene-de Kairiň köçelerine çykyp, prezident Hosni Mubaregiň wezipesinden çekilmegini talap edýärler.



Şu gün müňlerçe protestçi paýtagt Kairiň köçelerine dolanyp, hökümetiň dargadylmagynyň garyplyk, işsizlik we korrupsiýa bilen ýüzbe-ýüz bolup duran müsür halkyny köşeşdirmek üçin ýeterlik däldigini görkezdi. Olar prezident Hosni Mubaregiň bu baradaky karary bilen kanagatlanmaýarlar.

Mundan öň Mubarek hökümete garşy prostler başlanany bäri ilkinji gezek telewideniýede çykyş edip, halka ýüzlendi. Ol özüniň protestçilere garşy edýän basyşyny gorap, özüniň hökümetiniň iş başyndan gidýändigini, emma özüniň galýandygyny mälim etdi. Emma protestçiler onuň wezipesinden çekilmegini talap edýärler.

Mubarek telewideniýede çykyş edip, hökümeti dargadýandygyny, emma özüniň wezipede galýandygyny aýtdy, 29-njy ýanwar.
82 ýaşly lider ýarym gijeden soň döwlet telewideniýesinde çykyş edýärkä, hökümete garşy proteste çykan demonstrantlar onuň komendant sagadynda paýtagt Kairiň köçelerinden ýygnanmak baradaky talaplaryny ret etdiler.

Esasan halkyň garyp gatlagyna ýüzlenip eden çykyşynda, Mubarek gyssagly ýagdaýda täze hökümetiň düzüljekdigini, emma sosial, syýasy we ykdysady reformalara liderlik etmek üçin özüniň wezipede galmakçydygyny aýtdy. Ol refromalar boýunça “yza ýol ýok” diýdi.

Ýurtdaky garyplygyň we işsizligiň soňuna çykmak maksady bilen, müňlerçe protestçiler Mubaregiň 30 ýyllyk häkimiýet monopoliýasynyň soňlanmagyny talap edip, ýurduň dürli ýerlerinde köçelere dökülipdiler. Ol bu demonstrasiýalary “haos” diýip atlandyrdy.

Az salym öň Mubarek Müsüriň harby güýçlerine agşam sagat 6-dan irden sagat 7-ä çenli komendant sagadyny ýol goýmagy buýurdy. Emma bu buýruga garamazdan, müňlerçe müsürliler Kairiň köçelerinde galdylar. Protestçileriň käbirleri binalara we emläklere ot berdiler, emma harbylar köpüçiligi gazaply daramadylar.

Harby çäreler protestleriň iň agyr gününden soň ýola goýuldy. Anna güni Juma namazyndan soň yslamçy liderleriň öz tarapdarlaryny demonstrasiýalara goşulmaga çagyrmagy bilen, protestçileriň sany has hem artdy. Emma köçelerdäki adamlaryň köpelmegi netijesinde polisiýa bilen çaknyşýanlar hem köpeldi.

Waşingtonyň reaksiýasy

Mubaregiň telewideniýedäki çykyşyndan soň Waşingtonda prezident Barak Obama hem Ak Tamda çykyş edip, taraplary köşeşmäge çagyrdy. “Ýagdaýlar ulalyp gitdigiçe, biziň esasy aladamyz adamlaryň ýaralanmagynyň ýa heläk bolmagynyň öňüni almak bolmagynda galýar”.

Obama Mubaregi beren sözüniň yzynda durmaga çagyrdy.
Soňra Obama şeýle diýdi: “Şonuň üçin men açyk aýdýaryn, Müsüriň häkimiýetlerini parahat protestçilere garşy hiç hili güýç ulanmazlyga çagyrýaryn. Müsüriň halkynyň ähliumumy hukuklary bar. Olaryň arasyna ýygnanyşmak azatlygy, söz azatlygy we öz ykballaryny özleri kesgitlemek azatlygy hem girýär. Bular adam hukuklary we Birleşen Ştatlar hemme ýerde bularyň arkasynda durar”.

Şeýle hem ol Mubaregi mobil telefon hyzmatlaryny petiklemegi bes etmäge we raýatlaryň Interneti we sosial aragatnaşyk saýtlaryny ulanmak mümkinçiliklerini dikeltmäge çagyrdy. Protestleri başladan müsürli ýaşlar öz hereketlerini Internetdäki sosial aragatnaşyk saýtlary arkaly utgaşdyrypdylar.

Obama prezident Mubarek telewideniýede çykyş edenden soň özüniň onuň bilen gürleşendigini aýtdy. Amerikan lideri Kair bilen Waşingtonyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyk barada durup geçiripdir, emma “Müsüriň halkynyň arzuwy” bolan syýasy, sosial we ykdysady reformalara zerurlygy açyk orta atypdyr.

“Şu gije prezident Mubarek Müsüriň halkyna ýüzlenende has gowy demokratiýany we ykdysady mümkinçilikleri wada etdi. Çykyşyndan az salym soň onuň bilen gürleşdim. Onuň öz üstüne düşýän zadyň aýdan sözleriniň arkasynda durmakdygyny, wadasyna görä anyk ädimler ätmekdigini aýtdym” diýip, Obama aýtdy.

Protestçiler başga zat isleýär

Emma köçedäki protestçileriň talaby reformalar däldi. 25-nji ýanwarda başlanan protestleriň dördünji gününde adamlar “Rewolýusiýa geldi!” we “Harbylar we halk birdir” diýip gygyryşdylar. Köpçülik döwlet telewideniýesiniň binasynyň daşynda ýygnandy we häkimiýetdäki partiýanyň edara jaýy otlandy.

Polisiýa güýçleri paýtagtdaky protestçileri dargatmak üçin rezin oklary we suw maşynlaryny ulandylar. Ýurduň dürli ýerlerindäki protestler başlanany bäri azyndan 45 adamyň ölendigi, 2 müňe golaýynyň ýaralanandygy habar berilýär. Iki müň adamyň tussag edilendigi barada maglumatlar bar.

Howpsuzlyk resmileriniň aýtmagyna görä, ýurduň 28 welaýatynyň 11-de hökümete garşy protestler ýüz beripdir. Protestçiler Mubaregiň häkimiýetdäki partiýasynyň Kairdäki edara jaýyna, şeýle hem Mansuradaky we Suezdäki merkezlerine ot berdiler.

Müsürde reforma geçirmek barada çykyş edýän we oppozisiýanyň öňbaşçy şahsyýeti Mohammed El-Baradeý hem penşenbe güni prezident Hosni Mubaregiň 30 ýyllyk dolandyrşyna garşy guralýan protestlere goşulmak üçin Kaire gelipdi, emma ol anna güni öý tussaglygyna alyndy.

Nobel baýragynyň eýesi we ýaňy-ýakyna çenli BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugyna ýolbaşçylyk eden El-Baradeý Wenadan Kaire gelip, şondan öň žurnalistlere protestleriňi öňüni çekmäge gelmeýändigini, müsürliler haýyş etse, syýasy özgerişligi ugrukdyrmaga kömekleşmek üçin dolanandygyny aýdypdy.

Ak Tamyň metbugat wekili Robert Gibbs amerikan hökümetiniň Müsüre niýetlenen 1,5 milliard dollarlyk ýardam programmasynyň täzeden gözden geçiriljekdigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, bu ýardam Mubaregiň krizis boýunça özüni alyp barşyna bagly bolar.

Dünýä ýurtlary Müsürdäki wakalary ýakyndan yzarlaýarlar. Sebäbi Arap dünýäsiniň iň uzaga çeken režimi üýtgeşiklik talap edýän halk köpçüligi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şu aýyň dowamynda ýüz beren şeýle protestler Tunisiň hökümetini agdardy, soňra bolsa Ýemene, Marokko we Gabona ýaýrady.
XS
SM
MD
LG