Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň gurluşyk materiallarynyň sergisi


Sergä 80-e golaý türk kompaniýalary gatnaşdylar.

Sergä 80-e golaý türk kompaniýalary gatnaşdylar.

26-28-nji ýanwar aralygynda Aşgabadyň Sergi köşgünde guralan Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň sergisi anna güni öz işini tamamlady.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň «Meridýen» sergi kompaniýasy tarapyndan guralan bu sergä 80-e golaý türk kompaniýalary gatnaşdylar.

Serginiň pawilýonlarynda gurluşyk senagatyna degişli önümleriň her dürli görnüşleri görkezilipdir. Sergi birnäçe tematik böleklere bölünip, olarda gurluşykda ulanylýan dürli-dürli önümleri öndürýän türk kompaniýalarynyň ekspozisiýalary ýerleşdirilen.

Bazarda talap bar

Bu sergä gatnaşýan türk kompaniýalarynyň aglabasy türkmen bazarynda eýýäm birnäçe ýyl bäri işläp ýörler. Olaryň öndürýän önümlerini Aşgabadyň gaýrasynda ýerleşýän, ilat arasynda “Bedew” diýlip atlandyrylýan gurluşyk dükanlary toplumynda hem görmek bolýar.

Sergide ýerleşdirilen “Kompen” türk kompaniýasynyň önümleriniň ekspozisiýasy aşgabatlylaryň köpüsine tanyşdyr. Plastik gapylary we penjireleri ýasaýan bu kompaniýanyň önümleri hiliniň hem-de bahalarynyň ýokarylygy bilen meşhur.

Sergä gatnaşýan “Kale kilit” kompaniýasynyň öndürýän açarlary we gulplary özüniň berkligi we ygtybarlylygy bilen gurluşykçylaryň arasynda meşhurlygy gazanypdy.

Ondulin üçeklerini öndürýän “Ondulin” kompaniýasynyň üçekleri hem häzirki wagtda hususy jaý gurluşygynda giňden ulanylýar. Ondulin üçekleri şifer üçekleriniň ýerini tutup barýar. Bu kompaniýanyň işgäri ondulin üçeklerinde adam saglygyna zyýan ýetirýän asbest goşundysynyň ýokdugyny hem-de onduliniň şifere garanyňda has ýeňildigini aýdýar. Bu üçekler şäheriň we onuň töwereginde ýerleşýän käbir obalaryň ýaşaýyş jaýlarynda häkimlikleriň abatlaýyş işlerini geçirenlerinde hem giňden ulanýarlar. Mysal üçin, Babarap obasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň üçekleri çalşylanda şu material ylanylypdyr.

Plastik gurluşyk materiallaryny Türkmenistana getiren hem türk kompaniýalarydyr. Sergide olary öndürýän birnäçe kompaniýalaryň önümleriniň ekspozisiýasy guralypdyr. Gurluşykda dürli görnüşdäki plastik turbalar demir turbalaryň ornuny tutdy. Sergide gurluşyk gurallary hem giňden görkezilipdir. Türk gurluşyk kompaniýalarynda işleýän türkmen gurluşykçylary bu gurallaryň köpüsi bilen tanyş.

Distribýutorlaryň gözleginde

Sergä Türkmenistana ilkinji gezek gelen türk kompaniýalary hem az däl. Şol kompaniýalaryň wekilleri türkmenistanly distribýutorlary gözleýandiklerini aýdýarlar.

Bu sergä gelen “Bedew” gurluşyk dükanlary toplumyndaky hususy dükanyň eýesi 32 ýaşly Aýmyrat özünde türk kompanilarynyň biriniň wekili bolmak isleginiň bardygyny mälim edip, bu ýerde iki sany kompaniýa bilen bu babatda deslapky gepleşikleri geçirendigini gürrüň berýär. Onuň aýtmagyny görä, türk gurluşyk materiallary Türkmenistanda ýokary hilli we ygtybarly önümler hökmünde tanalýar. Olaryň bahasy Hytaýdan, Orsýetden, Eýrandan getirilýan önümlerden gymmat bolsa-da, hili ýokarydyr.

Özüniň hem dükanynda birnäçe türk kompaniýalarynyň gurluşyk materiallaryny satýandygyny aýdan Aýmyrat bu gurluşyk materiallaryny Türkmenistandaky ditribýutorlardan alýar eken.

Türkmenistan türk gurluşyk materiallaryny öndürýän kompaniýalary üçin Merkezi Aziýada esasy bazarynyň birine öwrüldi. Munuň şeýledigini ýurduň gurluşyk harytlary satylýan dükanlaryňdyr bazarlaryň assortimenti hem subut edýär.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG