Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mubarek ýerinde, halk köçede


Müsürdäki protestler dowam edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:12 0:00

Wideo: Müsürdäki protestleriň bäşinji gününde protestçiler ýene-de Kairiň köçelerine çykyp, prezident Hosni Mubaregiň wezipesinden çekilmegini talap etdiler.

Müňlerçe müsürliler döwlet komendant sagadynyň ikinji gijesini hem inkär edip, köçelerden ýygnanmadylar. Olar prezident Hosni Mubaregiň wezipesinden çekilmegini talap edýärler. 30 ýyl bäri häkimiýetde oturan Mubarek bolsa hökmürowanlygyny goramaga çalyşýar.

Şenbe güni Müsüriň hökümeti resmi taýdan iş başyndan çekildi. Şondan öň Mubarek hökümete garşy protestler başlanany bäri ilkinji gezek telewideniýede çykyş edip, Ministrler Kabinetini dargadýandygyny, emma özüniň wezipede galýandygyny mälim etdi.

Emma protestçiler Mubaregiň wezipesinden çekilmegini talap edýärler. Ýurtdaky garyplygyň we işsizligiň soňuna çykmak maksady bilen, müňlerçe protestçiler onuň 30 ýyllyk häkimiýetiniň soňlanmagyny talap edip, ýurduň dürli ýerlerinde köçelere döküldiler.

Ýurtdaky bulaşyklykdan baş alyp çykmak üçin, Mubarek iki sany harby resmini iň ýokary wezipelere - aňtaw ýolbaşçysy Omar Suleýmany wise-prezidentlige, awiasiýa ministri Ahmed Şafigi bolsa premýer- ministrlige belledi. Olar haýal etmän işe başyna geçdiler.

Köçedäki halka bildirenok

Mubaregiň bu karary Kairiň we beýleki şäherleriň köçelerindaki halkyň kän bir gözüne ilmedi. Bäş gün bäri on müňlerçe raýatlar 82 ýaşyndaky prezidentiň wezipesinden çekilmegini talap edýärler we olar Kabinetiň täzelenmegi bilen kanagatlanmaýarlar.

Anna güni protestçileriň sanynyň artmagy netijesinde polisiýa güýçleri bilen çaknyşyklar hem köpeldi. Şondan soň 18 million ilaty bolan Kairiň köçelerine harbylar döküldi. Tanklaryň peýda bolmagy bilen polisiýa we Merkezi Howpsuzlyk Gullugynyň (CSS) işgärleri ýitirim boldy.

Polisiýa we howpsuzlyk güýçleri postlaryny taşlap gidenden soň talaňçylyk hem ýokarlandy. Şaýatlaryň aýtmagyna görä, Kairdäki we beýleri ýerlerdäki söwda nokatlary, kommersiýa merkezleri, banklar, hususy emläkler, we hökümet edaralary talanýar.

Talaňçylar Kairiň muzeýine hem göz dikdiler. Ol ýerde faraon hazynalarynyň dünýädäki iň uly kolleksiýasy saklanýar. Birnäçe heýkel döwüldi, iki sany mumiýa zeper ýetdi. Graždan adamlar muzeýi talaňçylardan goramak üçin onuň daşynda halka döretdiler.

Elleri taýakly adamlar polisiýanyň ornuny doldurmak üçin Kairiň dürli ýerlerinde nobata durýarlar. Olaryň käbiriniň aýtmagyna görä, käbir talaňçylaryň üstünden hökümet ýaraglary we Mubaregiň häkimiýetdäki NDP partiýasynyň dokumentleri tapylypdyr.

Goh ýatyşanok

Saglyk resmileriniň aýtmagyna görä, ýurduň dürli ýerlerindäki protestler başlanany bäri azyndan 74 adam ölüpdir. Emma “Al Jazeera” telekanaly ölenleriň sanynyň 100-e golaýlandygyny aýdýar. Iki müň adamyň tussag edilendigi barada maglumatlar bar.

Howpsuzlyk resmileriniň aýtmagyna görä, ýurduň 28 welaýatynyň 11-de hökümete garşy protestler ýüz beripdir. Protestçiler Mubaregiň häkimiýetdäki partiýasynyň Kairdäki edara jaýyna, şeýle hem Mansuradaky we Suezdäki merkezlerine ot berdiler.

Müsür oppozisiýasynyň öňbaşçy şahsyýeti, Nobel baýragynyň eýesi Mohammed El-Baradeý hem penşenbe güni prezident Hosni Mubaregiň 30 ýyllyk dolandyrşyna garşy guralýan protestlere goşulmak üçin Kaire gelipdi, emma ol anna güni öý tussaglygyna alyndy.

Öň Halkara atom energiýasy gullugyna ýolbaşçylyk eden El-Baradeý Wenadan Kaire gelip, şondan öň žurnalistlere protestleriňi öňüni çekmäge gelmeýändigini, müsürliler haýyş etse, syýasy özgerişligi ugrukdyrmaga kömekleşmek üçin dolanandygyny aýdypdy.

Waşingtonda prezident Barak Obama Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň duşuşygyny geçirdi. Ak Tamyň beýanatyna görä, prezident Müsürdäki soňky ýagdaýlardan habardar edildi. Ol zorluga garşy durmaga ünsi çekdi we ählimumy adam hukuklaryna goldaw bildirdi.

Anna güni Ak Tamyň wekili Robert Gibbs amerikan hökümetiniň Müsüre niýetlenen 1,5 milliard dollarlyk ýardam programmasynyň täzeden gözden geçiriljekdigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, bu ýardam Mubaregiň krizis boýunça özüni alyp barşyna bagly bolar.
XS
SM
MD
LG