Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow hökümet maslahatyny geçirdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Anna güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky hökümet maslahatyny geçirdi.

Maslahatda wise-premýerler, Mejlisiň başlygy we käbir beýleki pudak ýolbaşçylary öz dolandyrýan pudaklaryndaky işleriň barşy barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanda daşary ýurtlaryň söwda öýleriniň sanyny artdyrmak, şeýle hem daşary ýurtlarda Türkmenistanyň öz söwda öýlerini açmak ugrunda alnyp barylýan işler barada aýratyn durup geçdi.

Wise-premýer H.Saparlyýew öz hasabatynda käbir beýleki meseleler bilen birlikde, 16-18-nji martda Aşgabatda geçiriljek tükmen-belarus hökümetara komissiýasynyň 3-nji maslahatyna görülýän taýýarlyklar barada-da hasabat berdi.

Hasabatlaryň jemini jemläp eden çykyşynda prezident G.Berdimuhamedow ýurtda turizm pudagyny ösdürmek boýunça gysga möhletiň içinde anyk programmalaryň işlenilip düzülmegine görkezme berdi.

Mundan daşary, ol Türkmenistanyň ilatynyň gowy hilli häzirkizaman telefon aragatnaşyklary bilen üpjün edilmeginiň hem möhüm mesele bolup durýandygyny nygtady.

Şeýle hem anna güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow birnäçe möhüm permanlara gol çekdi.

Hususan-da, prezident Aşgabatdaky Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň rektory Rejepmuhammet Geldiýewi «saglyk ýagdaýy» sebäpli wezipesinden boşadyp, onuň ýerine «Adalat» gazetiniň baş redaktory Suhanmyrat Baýmyradowy belledi.

Mundan daşary, döwlet lideri Türkmenistanyň Medeniýet we teleradiogepleşikler ministrligine Milli medeni merkezde Türkmenistanyň Döwlet horuny döretmeklige rugsat beriji karara gol çekdi.

Şeýle hem, prezident G.Berdimuhamedow «Demirgazyk-Günorta» demirýol magistralynyň gyrasynda «Bereket» we «Serhetýaka» ady bilen täze demirýol stansiýalarynyň gurulmalydygy barada-da ýörite permana gol çekdi.

Bu demirýol stansiýalary Türkiýänin «NET YAPI» kompaniýasy tarapyndan gurlar we şu ýylyň oktýabrynda ulanyşa tabşyrylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG