Sepleriň elýeterliligi

“Domodedowodaky” partlama kawkazly oglanyň işi diýilýär


Şenbe güni Orsýetiň jenaýat-derňew bölümi şu hepdäniň duşenbe güni Moskwanyň «Domodedowo» aeroportunda janyndan geçip partlama amala aşyran adamyň Kawkaz regionyndan 20 ýaşly bir oglandygynyň anyklanandygyny habar berdi.

Bu barada ýurduň Federal Derňew Komitetiniň internet saýtynda resmi maglumat peýda boldy. Ýöne bu 20 ýaşly oglanyň şahsyýeti barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.

«Domodedowo» aeroportunda amala aşyrylan şol partlamada jemi 45 adam ölüp, 180-den gowrak adam hem ýaralandy.
XS
SM
MD
LG