Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Lahorda tussag edilen diplomatynyň boşadylmagyna çagyrýar


Şenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlary Pakistanyň häkimiýetlerini anna güni Pakistanyň Lahor şäherinde tussag edilen amerikan diplomatyny haýdan-haý azatlyga goýbermeklige çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň Yslamabatdaky ilçihanasynyň bu barada ýaýradan beýanatynda ýerli amerikan konsullygynyň işgäri Reýmond Dewisiň öz şahsy howpsuzlygyny gorap, iki adamy öldürmäge mejbur bolandygy aýdylýar.

Pakistanyň polisiýasynyň maglumatyna görä, Reýmond Dewis öňňin özüni talamak üçin yzyna düşen iki sany raýaty öz howpsuzlygyny goramak üçin atandygyny aýdypdyr.

Pakistanyň polisiýasy bu resminiň iki sany raýaty atandan soň, wakanyň bolan ýerine baran amerikan konsullygynyň maşynynyň ýene bir ýerli raýaty kakyp öldürendigini aýdýar.

Polisiýa amerikan konsullygynyň bu işgärine bikanun ýarag götermekde we iki adamy öldürmekde jenaýat aýyplamasynyň bildirilýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG