Sepleriň elýeterliligi

Günorta Koreýada somaliýaly garakçylar sud ediler


Şenbe güni Günorta Koreýanyň häkimiýetleri bu ýurduň gämisine Somaliýanyň kenar ýakalarynda hüjüm eden somaliýaly deňiz garakçylaryna Günorta Koreýada sud ediljekdigini mälim etdiler.

Bu gürrüňi edilýän deňiz garakçylary şu aýyň başynda Somaliýanyň kenarlaryna golaý ýerde Günorta Koreýanyň bir ýük gämisine hüjüm edip, gäminiň kapitanyny üç ýerinden ýaralapdylar.

Bu wakada Günorta Koreýanyň harby-deňiz güýçleriniň geçiren operasiýasynda deňiz garakçylary tussag edilip, olar häzirki wagt Omanda saklanýarlar.

Günorta Koreýanyň kanuny boýunça deňiz garakçylaryna ömürlik tussaglyga çenli türme jezasy berlip bilinýär.

Edil häzirki wagt näçe deňiz garakçysynyň Omanda saklanýandygy barada anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG