Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň portretleri çalşyrylýar


Bu gezekki çalşyrylýan portretde Berdimuhamedow açyk kostýumda.
Bu gezekki çalşyrylýan portretde Berdimuhamedow açyk kostýumda.
Şu günler ýurduň ähli edara-kärhanalarynyň iş otaglarynda, mekdeplerdir ýokary okuw jaýlarynyň klaslarynda, auditoriýalarynda, köpçülikleýin medeni çäreleriň geçirilýän ýerlerinde prezidentiň ozalky portreti täze portret bilen çalşyrylýar.

Ýurduň prezidentiniň portreti kiçiräk edara-kärhanada, esasan, ýolbaşçysynyň iş otagynda goýulýar. Emma ministrlikleriň we ulurak edaralaryň ähli otaglarynda prezidentiň portretiniň goýulmagy hökmanydyr. Şeýle hökmanylyk ýurduň ähli orta hem ýokary okuw mekdeplerine-de degişlidir. Orta mekdepleriň klaslarynda, ýokary okuw mekdepleriniň auditoriýalarynda döwlet baştutanynyň portreti görnükli ýerde goýulýar.

Berdimuhamedowyň prezidentlik wezipesine geçeninden bäri köpçülikleýin görnüşde onuň portreti eýýäm dördünji ýola çalşyrylýar. Ýöne portretiň şu gezek näme üçin çalşyrylýanyny hiç kim düşündirip bilenok.

Ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazow aradan çykmazyndan iki ýyl öň diňe iki görnüşdäki portretlerini goýdurmaga rugsat ederdi. Olaryň birinde Nyýazow gök kostýumda ýylgyryp durardy, beýlekisinde bolsa gara kostýumda agras şekildedi. Portretleriň ikisi hem dizaýnerleriň tagallalary bilen juda gelşigine getirilipdi.

Nyýazowyň gök kostýumda ýylgyryp duran portreti, esasan, medeni köpçülikleýin çäreleriň geçýän ýerlerinde, paýtagtyň köçeleriniň görnükli ýerlerinde uly möçberde goýlardy. Onuň gara kostýumdaky agras görnüşdäki portreti bolsa edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň iş otaglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde goýlardy.



Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagy bilen, 2007-nji ýylyň ýazyndan ozalky prezidentiň ähli portretleri täze prezidentiň portretleri bilen çalşyrylyp başlandy. Ilkinji gezek goýlup başlanan bu portretlerde Berdimuhamedowyň döşünde Nyýazowyň şekilini alamatlandyrýan nyşany bardy. Ýöne az salym geçmänkä, bu portretler täze portretler bilen çalşyryldy. Ozalky portretiň çalşyrylmagynyň sebäbini suratdaky prezidentiň gyzyl galstugynyň dünýä etiketine gabat gelmeýänligi bilen düşündirildi.

2009-njy ýylda prezidentiň ýene-de portlertleri çalşyryldy. Bu gezekki portretde indi Berdimuhamedow özüniň döşündäki Nyýazowyň nyşanyny aýryp, oňa derek Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň nyşanyny goýup düşüpdi.

Prezidentiň bu hereketinden soň, mekdep okuwçylaryndan başlap, talyplaryň, ýolbaşçy wezipedäkileriň ählisine hökmany suratda Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň nyşanyny döşünde dakmak borçly edildi.

Bu gezekki çalşyrylýan portretde Berdimuhamedow açyk kostýumda. Onuň elinde bolsa Türkmenistanyň baýdagyndaky gölleriň şekili bolan awtoruçka bar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG