Sepleriň elýeterliligi

Metbugat nädip kämilleşdirilmeli?


D.Ýazgulyýew: "Diňe döwlet baştutanynyň adyny mahabatlandyrmak, ýurtda edilýän işleri birtaraplaýyn esassyz öwmek baş tema bolmagynda galýar".

D.Ýazgulyýew: "Diňe döwlet baştutanynyň adyny mahabatlandyrmak, ýurtda edilýän işleri birtaraplaýyn esassyz öwmek baş tema bolmagynda galýar".

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tankydyna garamazdan, türkmen metbugaty okar ýaly däl, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde halkyň ünsüni çeker ýaly gepleşikler ýok. Bu ugurda iň bolman, döwletiň ykrar eden problemalary hakda-da gepleşikler gurnalmaýar, makalalar ýazylmaýar. Mysal üçin, neşekeşlik belasy hakynda hem düýpli gürrüň gozgalmaýar. Diňe döwlet baştutanynyň adyny mahabatlandyrmak, ýurtda edilýän işleri birtaraplaýyn esassyz öwmek baş tema bolmagynda galýar.

Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan bäri türkmen metbugaty döwletiň alyp barýan syýasatynyň propagandistik guralyna öwrülip, halkdan, durmuşdan doly üzňeleşdi. Uzak ýyllaryň dowamynda metbugatda hem-de radio-telewideniýede halkyň durmuşyndaky hakyky wakalary beýan etmek bütinleý unudylyp gitdi. Raýatlarymyz özlerine gerekli maglumaty daşary ýurt metbugatlaryndan, habar beriş serişdelerinden alýarlar. Şeýle bolansoň, raýatlarymyz ýuwaş-ýuwaşdan özleriniň diňleýän habar beriş serişdeleriniň täsirine düşüp, türkmen durmuşynyň problemalaryndan daşlaşýar. Şol sebäpli metbugaty iň bolmanda ilhalar etmegiň hatyrasyna şeýle derwaýys meseleleri çözmek zerurdyr.

Ýaranjaňlygyň soňy — ýolbaşçylaryň eden-etdiligi

Saparmyrat Nyýazowyň öwgä maýyllygyndan peýdalanyp, 1996-njy ýylyň başynda metbugatyň ýolbaşçylary türkmen gazet-žurnallarynyň ählisinde «Howandary — Türkmenistanyň prezidenti» diýen ýazgyny goýup başladylar. Soňra «Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy» diýen «pelsepäni» oýlap tapmak bilen bu ugruň ýolbaşçylary ýaranjaňlyk syýasatyny ýöredip, prezident Nyýazowyň özlerine ýylgyryp bakmagyny gazandylar.

Şondan soň, türkmen metbugatynda ýolbaşçylar özlerini mizemez hojaýynlar saýyp ugradylar hem-de Prezidentiň özlerine howandarlygyndan peýdalanyp, olar öz ýolbaşçylyk edýän pudagynda eden-etdilige başladylar. Bu eden-etdilikler soňy bilen adaty bir ýagdaýa öwrülip gitdi. Ýolbaşçylar özleriniň işe kabul eden işgärlerini sähel bahana bilen islän wagtlary işden bikanun boşadýardylar. Hatda metbugat ketdeleriniň öz gol astyndaky işgärleriniň käbirini bikanun türmä okladandygy hakynda maglumatlar bar. Bu pudagyň ýolbaşçylary özlerine tabşyrylan wezipäni başarman, işden aýrylansoň hem olaryň belent kürsüde oturan döwründe işden kowan bigünä kişileri barybir öňki işine alnanok, bikanun türmä okladanlary bolsa aklananok.

Umuman, metbugatyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýaranjaň syýasy gurala öwrülip, bu pudagyň ýolbaşçylarynyň çäksiz ygtyýarly bolmagyna sebäp bolan, şeýle-de ýurduň abraýyna uly zarba urýan — «Howandary Türkmenistanyň Prezidenti» diýen manysyz jümläni ähli metbugat organlaryndan aýyrmaly. Her bir metbugaty pudak organyna öwürmeli. Mysal üçin, «Zenan kalby» žurnaly «Zenanlar birleşiginiň», «Türkmenistan» gazeti bolsa hökümetiň hem parlamentiň organy bolmaly. Bu pudagyň ýolbaşçylary prezident tarapyndan bellenilmän, metbugat organyna gözegçilik edýän ýolbaşçy bilen işgärleriň ylalaşygy esasynda wezipä saýlanmaly hem wezipeden boşadylmaly.

Jemgyýetçilik gözegçiligi bolmaly

Döwletiň doly derejede ykrar edýän profsoýuz guramasynyň işini kanun esasynda metbugat organlarynda janlandyrmaly. Profsoýuz guramasynyň razylygy bolmazdan, žurnalistleri işe almagy, işden boşatmagy gadagan etmeli. Has dogrusy, metbugata, esasanam, bu pudagyň ýolbaşçylaryna profsoýuz guramasynyň işini kanunlaşdyryp, jemgyýetçilik gözegçiligini girizmeli.

Metbugatyň durmuşyň aýnasydygy ykrar edilip, döwrebap metbugat kanunyny kabul etmeli. Ýurdy dünýä ýüzüne masgara eden, şu çaka çenli dowam eden metbugatyň işine hakykatyň gözi bilen baha berip, ondan el çekmeli. Senzurany ýatyryp, ähli metbugat organlarynyň, žurnalistleriň mertebesini dikeltmeli. Bikanun döredilen «gara spisoklar» ýatyrylmaly.

Žurnalistleri, adamlary ýaranjaňlyga iterýän, ynsan mertebesini aýak asty edýän «Altyn asyr bäsleşigini» ýatyryp, professional bäsleşikleri yglan etmeli. Halypa döredijilik işgärlerinden düzülen komissiýanyň gelen karary esasynda bäsleşikler jemlenmeli. Hökümetimiz döredijilik işgärlerine kanun esasynda sarpa goýmaly hem olara ýardam etmeli. Dünýäde bolup geçýän hadysalardan sapak alnyp, metbugaty döwlet gözegçiliginde saklajak bolmakdan el çekmeli. Türkmenistanyň raýatlary metbugatyň we habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ýurtda hem jahanda bolýan derwaýys wakalar bilen habarly edilmeli.

Döwlet derejesinde şu meseleler çözülen halatynda türkmen metbugatynyň, habar beriş serişdeleriniň ilhalar boljakdygyna çuňňur ynanýarys.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG