Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Tunisiň yslam hereketiniň bosgunlykdaky lideri ýurda dolandy


Tunisiň “Ennahda” yslam hereketiniň lideri, 20 ýyl gowrak bosgunlykda ýaşan Raşid Gannuşi ýekşenbe güni Tunise gaýdyp geldi. Aeroportda ony müňlerçe tarapdary garşylady.

Gannuşi eden çykyşynda şeýle diýdi: “Bu şöhratly rewolýusiýany amala aşyran beýik halk, rewolýusiýany dowam ediň, ony goraň, goý ol demokratiýa, adalata deňlige getirsin. Milli ylalaşyk bolmazdan demokratiýa bolmaz, adalat we deňlik bolmazdan ösüş bolmaz”.

Bosgunlyk ýyllaryny Londonda geçiren 69 ýaşly Gannuşi Ben-Aliniň prezidentlik eden ýyllary ýurtdan kowlupdy we onuň ýolbaşçylyk edýän yslam hereketiniň işi gadagan edilipdi.

Tunisiň täze hökümeti öň gadagan edilen partiýalaryň işine rugsat etmegi, senzurany ýatyryp, erkin saýlawlar geçirmegi wada berdi.
XS
SM
MD
LG