Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda möhletinden öň prezident saýlawlary geçiriljek


28-nji ýanwarda Nazarbaýew halka ýüzlenmesinde, Konstitusion geňeşiň çykarjak kararyna garamazdan, özüniň prezidentlik wezipesinde galmaga taýýardygyny aýtdy.
28-nji ýanwarda Nazarbaýew halka ýüzlenmesinde, Konstitusion geňeşiň çykarjak kararyna garamazdan, özüniň prezidentlik wezipesinde galmaga taýýardygyny aýtdy.
31-nji ýanwarda Gazagystanyň prezidenti halka ýüzlenip, prezidentlik möhletini uzaldýan referendumdan özüniň boýun gaçyrýandygyny aýtdy. Ýurduň Konstitusion geňeşiniň bu referendum Konstitusiýa garşy gelýär diýen kararyndan soň eden çykyşynda, Nursoltan Nazarbaýew ýurtda möhletinden öň prezident saýlawlaryny geçirmegi teklip etdi.

31-nji ýanwarda, Gazagystanyň Konstitusion geňeşi parlamentiň teklip eden referendumy Konstitusiýa çapraz gelýär diýip, karar çykardy. Şondan soň prezident Nursoltan Nazarbaýew halka ýüzlenip eden çykyşynda ýurtda möhletinden öň prezident saýlawlaryny geçirmegi teklip etdi we bu meseläni parlamentiň garamagyna hödürlejekdigini aýtdy.

Duşenbe güni Gazagystanyň Konstitusion geňeşiniň maslahaty bolup geçdi. Ol maslahatda Konstitusion geňeşiň başlygy Igor Rogow çykyş edip, gazak parlamentiniň prezident Nazarbaýewiň prezidentlik möhletini 2020-nji ýyla çenli uzaltmak boýunça referendum geçirmek we şonuň bilen baglanyşykly ýurduň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek baradaky teklibiniň ýurduň Baş kanunyna gabat gelmeýändigini yglan etdi.

Gümürtiklik

Şeýle hem ol referendumyň geçirilmegi bilen bagly teklipleriň Konstitusiýa laýyk gelip-gelmezligi barada prezident Nazarbaýewiň özüniň ikirjiňlenmesini ýerlikli diýip atlandyrdy. Konstitusion geňeşiň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, teklip edilýän üýtgetmelerde Gazagystanyň ilkinji prezidentiniň ygtyýarlyklarynyň haçana çenli uzaldylýandygy barada anyk aýdylmaýar.

“Şeýle-de prezidentiň möhleti diňe bir gezek uzaldylarmy ýa birnäçe gezek uzaldylarmy ýa-da düýpden saýlaw geçirilmän, diňe referendumyň esasynda Gazagystanyň ilkinji prezidenti öz möhletini uzaldyp bilermi – bu meseleler kanunda aýdyňlaşdyrylmady. Konstitusion normalaryň gümürtikligi bolsa iş ýüzünde Konstitusiýada göz önünde tutulan döwlet hem jemgyýetçilik edaralarynyň deňagramsyzlygyna getirip biler” diýip, Rogow aýtdy.

14-nji ýanwarda Gazagystanyň parlamenti prezident Nursoltan Nazarbaýewiň, prezidentlik saýlawlaryny geçirmezden, 2020-nji ýyla çenli öz wezipesinde galmagy üçin Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek baradaky kanuny tassyklady. Şondan öň prezident Nazarbaýew referendumyň geçirilmegi baradaky parlamentiň teklibini ret edipdi.

Näme-de bolsa...

28-nji ýanwarda Nazarbaýew halka ýüzlenmesinde, Konstitusion geňeşiň çykarjak kararyna garamazdan, özüniň prezidentlik wezipesinde galmaga taýýardygyny aýtdy: “Konstitusion geňeşiň netijesinden soň, biz nähili karara gelsek-de, saglygym gowy bolsa, halk hem meni biragyzdan goldamagyny dowam etdirse, maňa rugsat berilýänça işlejekdigimi wada berýärin”.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Gazagystanda prezidentiň iş möhletiniň uzaldylmagy baradaky planlary “demokratiýa boýunça yza gaýdyşlyk” diýip, ýazgardy we birnäçe gezek gazak häkimiýetlerini bu plandan el çekmäge çagyrdy.

Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň diňleýjileriniň we okyjylarynyň köpüsi öz seslenmelerinde ýurduň Konstitusion geňeşiniň çykaran häzirki kararyna Tunisdäki, Müsürdäki wakalaryň täsir edendigini nygtap, Konstitusion geňeşiň çykaran kararyny hoşallyk bilen garşy aldylar.
XS
SM
MD
LG