Sepleriň elýeterliligi

Tunisiň öňki prezidentiniň hasaplary doňdurylýar


Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň daşary işler ministleri Brýusselde geçiren duşuşyk netijesinde Tunisiň öňki prezidenti Zine El Abidine Ben Aliniň we onuň aýaly Leila Trabelsiniň hasaplaryny doňdurdylar.

Bu hereket Tunisdäki düzülen täze hökümetiň wekilleriniň talaby esasynda amala aşyryldy.

Ben Ali Tunisdäki giň gerimli protestler sebäpli, iki hepde mundan ozal ýurdy terk etmäge mejbur bolupdy.

Ben Ali we onuň aýaly hökümetiň serişdelerini öz hasaplaryna geçirmekde aýyplanýarlar.
XS
SM
MD
LG