Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bäş “Oskaryň” eýesi Jon Barri aradan çykdy


Belli kompozitor, bäş “Oskar” baýragynyň eýesi Jon Barri aradan çykdy. Ol ýekşenbe güni 77 ýaşynda Nýu-Ýorkda ýogaldy.

Jon Barri esasan özüniň “Jeýms Bond” filmlerine ýazan sazlary bilen meşhurlyk gazanypdy.

Şeýle-de ol “Azat bolup dogulmak”, “Gyşdaky ýolbars”, “Afrikadan” we “Möjekler bilen tanslar” filmlerine eden goşandy üçin “Oskar” baýraklaryna mynasyp bolupdy.
XS
SM
MD
LG