Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda polisiýanyň ýokary derejeli resmisi öldürildi


Pakistanyň resmileriniň berýän maglumatlaryna laýyklykda, ýurduň Peşewar şäherinde amala aşyrlan iki partlamada bäş adam, şol sanda polisiýanyň ýokary derejeli wekili ölüpdir.

Ýerli polisiýa wekili Şafkat Maligiň aýtmagyna görä, janyndan geçen hüjümçi partlaýjy serişdeli ulagy günorta Peşewaryň polisiýa bölümini başlygynyň orunbasary Rasheed Hanyň ulagyna baryp urupdyr.

Bu wakadan üç sagat soňra, köçäniň gyrasynda gurnalan bombanyň üsti bilen polisiýanyň ulagy hem partladyldy.

Bu partlamalaryň jogapkärçiligini Pakistanyň talyplary öz üstlerine aldylar.
XS
SM
MD
LG