Sepleriň elýeterliligi

Sudandaky protestlerde ýenjilen student aradan çykdy


Sudandaky protestlerde howpsuzlyk güýçleri tarapyndan gazaply ýenjilen student bedenine ýeten şikesler sebäpli aradan çykdy.

Aktiwistleriň berýän maglumatlaryna görä, Mohamed Abdelrahman gije keselhanada aýrylypdyr.

Sudanyň paýtagty Hartumda we ýurduň beýleki şäherlerinde ýaşlar tarapyndan gurnalýan protestlerde prezident Omar Hassan al-Başire garşy şygarlar gygyrylýar.

Omar Hassan al-Başir Sudana 20 ýyl bäri ýolbaşçylyk edip gelýär.

Ol Halkara jenaýat tribunaly tarapyndan genositde we uruş jenaýatçylyklarynda-da aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG