Sepleriň elýeterliligi

ÝB Müsüri we Tunisi demokratiýa geçmäge çagyrdy


Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri Müsüriň we Tunisiň demokratiýa parahatçylykly ýagdaýda geçmegine çagyryş etdiler.

Şeýle-de olar şol ýurtlarda yslamçy söweşijileriň häkimiýete gelmegine howatyrlanma bildirdiler.

Italiýanyň daşary işler ministri Franko Frattini müsürlileriň “radikalizmiň we ekstremizmiň ýerine, demokratiýany we jemgyýet hukuklaryny saýlajakdyklaryna” ynanýandygyny aýtdy.

Franko Frattini bu çykyşyny Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygynda etdi.

Bu duşuşykda seredilen esasy mesele Müsürde we Tunisde ýüz beren ýagdaýlar boldy.

Ýakyn Gündogar boýunça halkara wekil Toni Bleýeriň aýtmagyna görä, Müsürde häkimýet çalşygy “gutulgysyzdyr”.

Duşenbe güni Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres hem Müsüriň başyna radikal yslamçy toparlaryň geçmek ähtimallygynyň bardygyny duýdurdy.
XS
SM
MD
LG