Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen kinosynyň kerwenbaşysy


Aktýor, režissýor, dramaturg Alty Garlyýew (1906-1973)
Türkmen milli kino sungatynda öçmejek yz galdyryp giden läheňleriň biri hem aktýor, režissýor, dramaturg Alty Garlyýewdir. Ol 1909-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda Tejeniň Babadaýhan obasynda Garly Çakanyň maşgalasynda dünýä inýär. Meşhur ýazyjy Berdi Kerbabaýew Alty Garlyýewiň ömri we döredijiligi hakynda özüniň “Garly Çakanyň ogly” atly biografik powestinde giňişleýin gürrüň berýär.

Alty Garlyýewiň kinoda, teatrda oýnan rollary sanardan gaty kän. Onuň döreden filmleri diňe Türkmenistanyň däl, eýsem Moskwada saklanýan dünýä kinolarynyň altyn fonduna girendir. Olary häzirki gün internet sahypalarynda hem tapyp görüp bolýar. Bu gezekki ýatlamamda onuň režissýorlyk eden filmleriniň jümmüşine aralaşmakçy.

Her bir döredijilik işgäriniň öz ýolunyň we stiliniň bolşy ýaly, Alty Garlyýewiň hem özüne mahsus kino düşürmek däbi bardy. Ol ilkinji režissýorlyk ädimlerini belli rus halypasy Iwanow-Barkowyň ýanynda başlapdy. 1957-nji ýylda surata düşürilip başlanan “Aýratyn tabşyryk” filmine Alty Garlyýew Iwanow-Barkow bilen bilelikde režissýorlyk edýär. Bu filmde 1918-1919-njy ýyllarda Türkmenistanda bolan graždanlyk urşy barada gürrüň berilýär.

Alty Garlyýew bu filmde režissýorlykdan başga, esasy gahryman Alty Mergenowyň keşbini döredipdi. Dowamly surata düşürilen söweş sahnalary Alty Garlyýewe uly sapak bolýar.

Bu filmiň yz ýany Alty Garlyýew öz ýazan “Aýna” atly drama eseri esasynda ilkinji, özbaşdak režissýorlyk işine başlaýar. Film 1920-nji ýyllaryň gowgaly wakalaryny gürrüň berýärdi. Geçen filminde bolşy ýaly we soňraky surata düşüren filmleriniň hemmesinde-de Alty Garlyýew aktýorçylyk kärinem bilelikde alyp gidýär. Film häzirki göz bilen seredeniňde gaty sada görünse-de, öz döwründe döredilen rus filmlerinden pes däldi.

“Aýna” filminden soňra ara köp wagt düşýär. Alty Garlyýew tä 1964-nji ýyla çenli film almaýar. Ol köpden bäri taýýarlanyp ýören temasyna, has dogrusy, öz obadaşy we ýoldaşy Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romanyny kino şekiline geçirmäge girişýär. Geçen filmlerden alan sapaklary Garlyýewe täze işe girişmäge doly mümkinçilik berýär.

“Aýgytly ädim” filminden



“Aýgytly ädim” filmi gaty şowly çykýar. Onuň hem esasy sebäpleriniň biri türkmen milli taryhyny, däbini suwara bilýän ýerli milletden bolan kadryň hemme taraplaýyn ýetişenligi bilen görkezse bolar. Filimdäki wakalary Alty Garlyýew gaty gowy bilýärdi. Ol onuň şaýady diýseňem dogry bolar.

“Aýgytly ädim” filminden
Bir ýylyň dowamynda “Aýgytly ädim” filmine SSSR-de 50 milliondan gowrak adam tomaşa edýär. Şol döwrüň sowet ideologiýasynyň basyş etmegi bilen, döredijilik erkinliginiň çäkli bolmagy netijesinde, filmiň ikinji bölümindäki wakalar taryhy faktlardan daşrakda durýar.

Dogry, ol ýoýulmalar Kerbabaýewiň kitabynda hem görkezilipdi, emma filmde romanyň wakalarynyň doly suratlandyrmanlygy üçin, taryhy çaprazlyk has ýiti duýulýar. Bu ýagdaýlar, esasan taryhçylaryň işi, ýöne çeperçilik taýdan filmiň gurluşy gaty täsirli berlipdir.

“Aýgytly ädim” filminden soň, Alty Garlyýew özüni tejribeli režissýor hökmünde ykrar etdirýär. Şol wagtky hökümet öňe sürýän ideologiýalaryndan ugur alyp, az hem bolsa, türkmeniň milli taryhy hakynda söz açmagy maksat edinip, Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiliginden doly gürrüň berýän çeper filmi surata düşürmegi kino ýolbaşçylaryna tabşyryk berýär.

Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiliginden gürrüň berýän çeper filmden



Kinonyň şol wagtky ýolbaşçysy hökmünde bu tabşyrygy Alty Garlyýew öz üstüne alýar. Filmiň ssenarisini döretmek Alty Garlyýewe öňki işlerinden örän çylşyrymly bolýar. Bu gezek söýgi we uruş temasyndan başga, filmiň esasy gahrymanynyň — Magtymgulynyň filosofiýasy dag bolup görnüp durdy.

Magtymgulynyň filosofiýasyna çuňlaşdygyňça, dowam edip duran ideologiýa gapma-garşy bolunýardy. Şol sebäpli Alty Garlyýew Magtymgula Watany goramak, onuň agzybirligi ündeýän temasyny esas edip alýar.

Tomaşaçylar “Aýgytly ädim” filminden soň, Aýna bilen Artygyň söýgüsini “Magtymguly” filiminde hem görmek islediler. Emma režissýor soýgi temasyny ikinji plana geçirip, fimde ony öçügsi görnüşde görkezýär.

Beýleki filmlerinde bolşy ýaly, Alty Garlyýew bu filminde hem ruslaryň keşplerini suratlandyrýar. Filmde çykyş eden aktýorlar topary Hommat Müllük, Muhammet Çerkezow, Ýelizaweta Garaýewa, Soýün Amangeldiýew özlerine ynanylan rollaryny diýseň ynandyryjy ýerine ýetiripdirler.

Döredijilik abraýyň asmana direse-de, edeýin diýen zadyňy, ýüregiňde beslän niýetiňi ekrana geçirmek ol döwürler aňsat däldi. Döwlet ideologiýasynyň tabşyrygynam etmeli bolýardy.

Käbir režissýorlar öz stiline ýa-da ýoluna gabat gelmeýän temadan film etmeli diýilse, ondan gaça durardylar. Olar döredijilik prinsiplerine garşy gitmeýärdiler. Alty Garlyýew ol ýoly tutmaýardy. Ol başgaça hereket ederdi. Öz saýlan temasyny etmek üçin ilki hökman ideologiýanyň öňe süren temalaryndan film ederdi. Soňra ony tamamlap, öz hakyky işine girişerdi.

Şeýle döwlet tabşyryklarynyň birini Alty Garlyýew 1970-nji ýylda Orta Aziýa serhet goşunynyň tabşyrygy boýunça, serhetçileriň durmuşyndan gürrüň berýän filmini döretmäge girişýär. Film “Derýanyň aňyrsy serhet” ady bilen 1971-nji ýylda uly ekranlara çykýar. Emma tomaşaçylaryň ol filmde Alty Garlyýewden garaşan umytlary başa barmaýar. Ýogsam filmde Alty Garlyýewiň özi, onuň aýaly, SSSR-iň halk artisti Annagül Annakulyýewa, Hommat Müllük, Ata Alowow ýaly artistler çykyş edipdi.

Alty Garlyýewiň “Mukamyň syry” filminden



Alty Garlyýew ömrüniň soňunda ýüreginde beslän temasyny surata düşürmäge girişýär. Film aýal bagşy hakyndaky rowaýaty öz içine alýardy. Alty Garlyýew filmiň ssenarisini ýazyjy Hudaýberdi Durdyýewe ynanýar. Bu filmde režissýor erkin usullary ulanyp görmegi maksat edinýär. Şonuň üçin baş aktýorlary saýlanda Karkaranyň keşbini artistka Ýelizaweta Garaýewa berip, onuň söýgülisi we adamsy Döwranyň roluny professional bolmadyk, dutarçy, sazanda Akmyrat Çaryýewe ynanýar. Şeýtmek bilen Alty Garlyýew Karkaranyň keşbini ýokary, birinji hatara çykarmagy maksat edinýär. Onuň pikiriçe, Döwranyň keşbini adaty artistlerden Hommat Müllük ýa-da Ata Alowow ýerine ýetirse, onda Karkaranyň keşbi olaryň ýanynda pese düşer öýdýärdi. Şol sebäpli Alty Garlyýewiň Döwranyň keşbini professional bolmadyk artiste oýnatmagy filmiň döredijilik akymyny aşak gaçyrýar.

Dogry, käbir kinorežissýorlaryň öz baş gahrymanlaryny professional bolmadyk artiste ynanan wagtlary köp bolýardy. Ol özüniň oňyn netijesenem berýärdi. Mysal üçin, režissýor Polat Mansurowyň “Şükür bagşy” filiminde baş gahrymanyň keşbini artist bolmadyk, mugallym Aman Handurdyýew örän ynandyryjy ýerine ýetirýär.

Döwranyň keşbiniň gowşak çykyşy ýaly, ençeme ýyllardan soň režissýor Hojaguly Narlyýewiň düşüren “Bagtyndan jyda düşen Pyragy” filiminde Magtymgulynyň keşbini artist bolmadyk, dutarçy, sazanda Annaseýit Annamyradowa ynanmagy hem filmiň esasy süňňüne zyýan ýetirýär we ol keşp filmde gaty gowşak, ejiz görünýär.

Alty Garlyýewiň “Mukamyň syry” filmi tomaşaçylar tarapyndan gowy garşylanýar. Döwranyň keşbi Karkaranyň, esasan hem, Alty Garlyýewiň ýerine ýetiren Sarman atanyň obrazlarynyň aşagynda ýitip gidýär. Bu filmde Alty Garlyýew diňe režissýorlykdan başga, eýsem aktýorlyk ussatlygyny hem görkezip, indiki boljak artistlere mekdep bolup, taryha girýär.

Ussat aktýor, režissýor Alty Garlyýew özüniň iň soňky filmini doly tamamlap, ony giň köpçülige tabşyryp bilmän, 1973-nji ýylyň 11-nji dekabrynda 64 ýaşynyň içinde uzaga çeken keselden soň aradan çykýar. Ol ýogalandan soň, Türkmenistanyň Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. 1974-nji ýylda Türkmenfilm kinostudiýasyna SSSR-iň halk artisti Alty Garlyýewiň ady dakylýar.

2000-nji ýylda Türkmenfilm kinostudiýasyndaky bürünçden edilen Alty Garlyýewiň heýkeli zibile taşlanýar, onuň ady bolsa öçürilýär we türkmen kinosungaty ölüm halyna geçýär.

Ýagdaýdan peýdalanyp, ýaranjaňlar kinostudiýa Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny goýýarlar. 2006-njy ýylda Saparmyrat Nyýazow ýogalandan soň, kinostudiýanyň adyna “Oguzhan” diýip täze at berýärler. Olar kinostudiýanyň adyny näçe çalyşsalar-da, halkyň aňynda galan türkmen filmlerini döretmegi başarmaýarlar, çünki ol filmleriň sakasynda Alty Garly ogly ýok.

Döwlet Hojamedow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG