Sepleriň elýeterliligi

«Musulman doganlygy»: radikal yslamçylarmy ýa-da mejbury demokratlar?


Egypt -- Egyptian demonstrators gather at dusk in Tahrir Square in Cairo, 31Jan2011

Egypt -- Egyptian demonstrators gather at dusk in Tahrir Square in Cairo, 31Jan2011

Olara onlarça ýylyň dowamynda Müsüriň çüňke gabalan syýasy elitasynyň howply bölegi hökmünde garaldy. Emma, prezident Hosni Mubarege garşy halk gozgalaňyna goşulansoň, «Musulman doganlygy» ýurduň gelejegi meslesinde esasy oýunçylaryň birine öwrüldi. Eýse, bu «Doganlygyň» häzirki ýolbaşçylary näderejede radikal we olar Müsüri yslam ýurduna öwrüp bilermi?

«Musulman doganlygynyň» nyşany
Fundamental yslamçylar tarapyndan Eýranda günbatarparaz möhüm strategik we dostlukly hökümet agdarylansoň, eýran rewolýusiýasynyň ruhy Günbataryň Orta Gündogar boýunça syýasatçylaryny 30 ýyldan gowrak wagtlap yzarlap geldi. Indi Müsürde halkyň hökümete garşy gozgalaňa galmagy bilen, bu gorky has-da güýçlenene meňzeýär. Günbatar liderleriniň nukdaýnazaryndan garalanda, Eýranda 1979-njy ýylda mollalar režimini häkimiýete getiren homeýniçi güýçleriň ýerine bu günki Müsürde «Musulman doganlygy» hereket edýär.

Hatda Müsüriň halkara derejesinde tanalýan aktýory Omar Şarif hem olara garşy. Ol «Men «Musulman doganlygyny» islemeýärin. Olar öň gabawdady, indi gabawdan çykyp başladylar» diýdi. Şarif soňky saýlawlaryň netijelerine salgylanyp, ”Roýterse” «Ilatyň 20 prosenti şolary goldaýar, bu meniň üçin gorkuly» diýdi.

Hepdäniň ahyrynda Müsüriň dört türmesinden gaçan müňläp tussagyň arasynda «Doganlygyň» agzalarynyň ýüzlerçesiniň bardygy baradaky habarlar bu gorkyny has-da güýçlendirdi.

”Musulman doganlygy” we demokratik perspektiwa

Müsüriň iň uly we uzak ýaşly yslam guramasy bolan «Musulman doganlygy» 1920-nji ýylda Hassan al-Banna tarapyndan yslam ahlagyny we ýagşylyklaryny ýaýratmak üçin döredildi. Soň bu gurama Britaniýanyň kolonial agalygynyň soňuna çykmak we Müsüri Günbatar täsirlerinden saplamak ugrunda göreş alyp bardy.

Londonyň Ykdysadyýet mekdebiniň Orta Gündogar merkeziniň direktory Fawaz Gerges «Doganlygyň» taryhy günbatar syýasatçylarynyň gözüni gamaşdyrmaly däl diýýär. Onuň pikiriçe, bu hereketiň esasy maksady häkimiýeti eýelemek däl-de, halkara hem içerki gorkyny öz bähbidine ulanyp, «Doganlygyň» agzalaryny gazaply basyşa sezerwar eden Mubarekden dynmak.

«’Musulman doganlygy’ Mubarekden dynmak isleýär. Şeýle-de «Doganlyk» syýasy prosesde esasy rol oýnamak isleýär, muňa şek ýok. Emma «Musulman doganlygy» gaty açyk aýtdy: olar Müsüri dolandyrmaga taýýar däl, onsoň mesele «Musulman doganlygynyň» häkimiýeti eýelemek isleýänliginde ýa däldiginde däl» diýip, Gerges aýdýar.

Ol «Musulman doganlygynyň» täze milli bileleşik hökümetiniň düzüminde nähili rol oýnajagynyň entek sorag bolup galýandygyny aýdýar we bu meselede Mubarek tarapyndan ulanylan gorkuly taktikalara aldanmaly däldigini öňe sürýär.

Fawaz Gerges «Musulman doganlygy» babatda hiç bir alada etmeli däl diýmeýär, ýöne ol bu guramanyň kemala gelmegi üçin uzak ýol geçendigini we onuň Müsür hökümetinde we jemgyýetinde esasy rol oýnamak isleýändigini aýdýar.

Aram reformaçy?

Londonda ýerleşýän ”Chatham House” ylmy-barlag merkeziniň Orta Gündogar we Demirgazyk Afrika programmasy boýunça ylmy işgäri Maha Azzam bu gurama häzirki protestlerden öň hem, gozgalaň mahalynda-da aram reformaçy ugry saýlap aldy diýýär.

«Musulman doganlygynyň» pozisiýasy ozalam, häzirem syýasy reformalara, şol sanda ähli partiýalaryň gatnaşmagyndaky syýasy düzgüne çagyrýanlar bilen» diýip, ol aýdýar. Şeýle-de ol El-Baradeý “Facebook” arkaly reformalara çagyranda «Musulman doganlygynyň» oňa gol ýygnamaga kömek edendigini unutmaly däl, olar režimi iş başyndan gidermek üçin bilelikde işlemek isleýär diýýär.

«Doganlygyň» ozalky ýolbaşçylaryndan Mohamed Habib özleriniň Eýran modelindäki yslam teokratiýasyny döretmek maksadyna eýerýändikleri barada aýdylýanlary ret edýär: «Ýok, elbetde ýok. Biz hakyky syýasy köpdürlülige daýanýan, halky häkimiýetiň we ygtyýarlygyň çeşmesi hasaplaýan hem parahat dolandyryşly demokratiki hökümeti isleýäris».

Mohammad Habib özleriniň döwletde sud, kanunçylyk we administrasiýa guramalarynyň aýry-aýrylykda bolmalydygyna ynanýandyklaryny nygtaýar.
XS
SM
MD
LG