Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň delegasiýasy Türkmenistana sapar edýär


Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, Owganystanyň bilim ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Gulam Serwer Daneşemiň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa häzir Türkmenistana sapar edýär. Duşenbe güni olar Bilim ministrliginde gepleşik geçirdiler.

Delegasiýa türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň geljegi we bilim pudagy boýunça gol goýlan hökümetara ylalaşyklar barada pikir alyşdylar.

Delegasiýa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine hem sapar etdi we onuň mugallymlary bilen duşuşdy.

Şu gün Owganystanyň delegasiýasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda gepleşikler geçirýär.
XS
SM
MD
LG