Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Gazagystanyň kararyny gowy garşylady


Gazagystanyň Nursoltan Nazarbaýewiň prezidentlik möhletini referendum arkaly 2020-nji ýyla çenli uzaltmakdan saklanmagyny ABŞ gowy garşylady.

Amerikanyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Filip Krowli Gazagystanyň hereketini “dogry karar” diýip häsiýetlendirdi.

Duşenbe güni irden Gazagystanyň Konstitusion sudy şol referendumy geçirmek baradaky kanunyň Konstitusiýa garşy gelýändigini yglan etdi.

2012-nji ýylda möhleti tamamlanýan Nazarbaýew wagtyndan öň prezidentlik saýlawlaryna çagyrjakdygyny aýtdy. Emma ol hiç hili möhlet agzamady.
XS
SM
MD
LG