Sepleriň elýeterliligi

Bişkekde hökümet binasynyň öňünde piket geçirildi


Duşenbe güni 300 çemesi adam Bişkekde hökümet binasynyň öňüne pikete ýygnandy. Olar Talas regionynda amala aşyryljak kömür pudagy boýunça proýektlere närazylyk bildirdiler.

“Andaş” kömür kompaniýasy geçen aýyň başlarynda Andaş jülgesiniň tebigatyna ýa-da ýerli ilata zeper ýetirmezlik üçin, ol ýerde barlag geçirmek hem-de altyn we metal gazyp almak baradaky planlaryny ýatyrýandygyny yglan etdi.

Şonuň ýaly-da, bu kompaniýa öz işlerinde himiki maddany ulanmazlygy we öri meýdanlaryndan peýdalanandygy üçin çopanlara pul tölemegi wada berdi.
XS
SM
MD
LG