Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Boris Ýeltsiniň doglan gününi belleýär


Sişenbe güni Russiýa Federasiýasynyň ilkinji prezidenti Boris Ýeltsiniň doglan güni. Ýeltsin aýatda diri bolanlygynda, 80 ýaşardy.

Bu sene Orsýetde dürli programmalar, sergiler we dabaralar bilen bellenýär.

Prezident Dmitriý Medwedew Ýeltsiniň dogduk şäheri Ýekaterinburgda onuň ýadygärliginiň açylyşy dabarasyna gatnaşdy.

Boris Ýeltsin 1991-nji ýyldan 1999-njy ýyla çenli, Täze ýyl baýramynda garaşylmadyk ýagdaýda wezipesinden çekilýänçä, Orsýetiň prezidenti boldy.

Ýeltsin 2007-nji ýylyň aprelinde 76 ýaşynda ýürek keselinden aradan çykdy.
XS
SM
MD
LG