Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň hakykat bilen oňşuksyzlygy


Türkmenistanda ministrlere berk käýinç, gapdaly bilen duýduryş berilmegi, ýa-da olaryň işden aýrylmagy, soňy bilen içerki sürgüne ýa türmä ugradylmagy uly bir tazelik däl.

Türkmenistanda ministrlere berk käýinç, gapdaly bilen duýduryş berilmegi, ýa-da olaryň işden aýrylmagy, soňy bilen içerki sürgüne ýa türmä ugradylmagy uly bir tazelik däl.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 27-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde milli howpsuzlyk ministri Çarymyrat Amanowa käýinç berildi. TDH ministre “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri” üçin berk käýinç hem duýduryş berlendigini ýazýar, ýöne onuň goýberen kemçilikleriniň anyk nämeden ybaratdygyny aýtmaýar.

Türkmenistanda ministrlere ýa häkimlere berk käýinç, gapdaly bilen duýduryş berilmegi, ýa-da olaryň işden aýrylmagy, soňy bilen içerki sürgüne ýa türmä ugradylmagy uly bir tazelik däl. Dogrusy, soňky iki onýyllykda bu zatlara adaty, bolaýmaly zat ýaly garalýar. Ýöne şonda-da ministr, häkim, başlyk boljaklaryň nobatynyň yzy görünmeýär.

Ministrleriň ýa häkimleriň, beýleki başlyklaryň iş başarmazlykda ýa işinde kemçilik goýbermekde aýyplanmagy, prezidentiň olary il gözüne (telewizorda) masgara etmegi S.Nyýazow döwründe başlandy. Adamlar, ýadaw hem bolsalar, telewizorda “işden kowuşlyk” bolýan günleri muňa ýatman garaşýardylar.

G.Berdimuhamedow başda bu populizmden el çekjek ýaly göründi. Düşünýän adamlar, korrupsiýa çümen hasaplanýan ministrleri we häkimleri näçe ýigrenýän hem bolsalar, telewizorda işden kowmak oýnunyň galmagyna, Berdimuhamedowyň Nyýazowyň ýeňil, ýöne ýykgynçylykly populizm hokgalaryny dowam etdirmýänligine begendiler. Emma bu begenç uzaga çekmedi.

Berdimuhamedow basym öz işe bellän çinowniklerini, edil Nyýazow ýaly telewizorda masgaralap durmasa-da, çalt-çaltdan çalşyrmaga, olara berk käýinç, duýduryş bermege başlady. Onuň häkimiýet başyna geçeli bäri az wagtda çalşyran resmileriniň, beren käýinçleriniň sany öz saýlap işe bellän adamlaryndan kanagatlanmaýadygyny görkezýär.

Gowşak kadrlar galdy

Bu, bir tarapdan, Berdimuhamedowyň işe bellän adamlarynyň iş başarmazlygy, ýeterlik bilim-täliminiň ýoklugy bilen-de bagly bolup biler. Golaýda ol resmileriň komputer ulanmagy öwremegini ýörite talap etdi.

Bu ýerde Türkmenistanda soňky iki on ýyllykda bolan yzygider kadr çalşygyny, sowet döwründe ýetişen kadrlaryň 200-den gowragynyň Nyýazowyň syýasatynyň pidasy bolandygyny hasaba alman bolmaz. Nyýazow diňe özüne şahsy wepaly, başgaça pikirlenip bilmejek kadrlary töwereine üýşüsrdi. Netijede, köp adam ministr ýa häkim bolup aýryldy, başaran ýurtdan gitdi, Berdimuhamedowa has gowşak kadrlar galdy.

Ikinji tarapdan, ýurtda sowet döwründe bar bolan bilim sistemasy hem tasdan ýykylyp-ýumruldy. Bu ýagdaý adamlaryň öz çagalaryny Türkmenistanda açylan türkmen-türk mekdeplerine bermäge ýykgyn etmegine, daşary ýurtlarda okatmaga çalyşmagyna getirdi. Türkmen-türk mekdeplerinde okan çagalar, daşary ýurtlarda okamaga mümkinçilik alan ýaşlar komputeri, iňlis dilini gowy bilensoňlar daşarky dünýä golaý pikirlenýäler we dünýäde bolup geçýän zatlardan gowy baş çykarýalar.

Emma, Nyýazow döwründe bolşy ýaly, Berdimuhamedow hem daşary ýurtda okan ýaşlara ynanmaýan ýaly görünýär, has anygy, olaryň özleri bilen ýurda demokratiýa, azatlyk ideýalaryny getirmeginden çekinýän ýaly hereket edýär. Şu hem onuň daşary ýurtlarda okan ýaşlardan çeke durmagynyň, seresap boljak bolmagynyň bir sebäbi bolsa gerek. Golaýda türkmen mekdepleriniň käbirinde anti-amerikan filmiň görkezilmegi hem şu ýagdaý bilen bagly bolup görünýär.

Mundan başga, daşary ýurda giden ýaşlar hem özlerine Türkmenistanda, kanunlaryň dürs işlemeýän ýerinde iş tapmagyň we işlemegiň kyn boljagyna düşünýärler. Türkmen ýaşlarynyň ýurtdan okuwa gidenlerinde yza gelmezlik üçin gidýänleri-de az däl, sebäbi ene -atalary olara şeýle maslahat berýärler. Bu soňky ýyllarda bilimli adamlaryň düşen gününden çykarylýan praktiki netije bolsa gerek.

Medalyň çöwre tarapy

Prezident Berdimuhamedow geçen ýylyň oktýabrynda, beýleki güýç resmileriniň arasynda, milli howpsuzlyk ministri Ç.Amanowa hem medal berdi. Amanow ministrlige 2007-nji ýylyň oktýabrynda bellenipdi. Indi bolsa, eger kemçiliklerini düzetmese, Amanowyň işden aýryljagy aýdylýar.

Bu ýerde mesele diňe işden aýrylmak bilen hem gutarman biler. Nyýazow öz işe bellän howpsuzlyk ministrlerini soňra adatça türmä basýardy.

Geçen ýylyň sentýabrynda, milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň 19 ýyllygy bilen gutlap, prezident Berdimuhamedow ýurduň howpsuzlyk işgärlerini demokratiki, hukuk, dünýewi döwlet bolan Türkmenistana töhmet atyp, asuda durmuşy bozmaga, ykdysadyýete zyýan ýetirmäge çalyşan töhmetçilere garşy barlyşgyşyksyz göreşe çagyrdy.

Nyýazow hem “töhmetçilere, gybatçylara” garşy göreşe çagyrýardy. Ol öz režimini tankytlaýan ähli adamy “töhmetçi”, “gybatçy” atlandyrýardy we howpsuzlyk işgärleriniň olara garşy berk göreşmegini talap ederdi. Bir gezek bolsa, ministler hem prezident hakynda “gybat etdiňiz” diýip, ýokary derejeli howpsuzlyk işgärleriniň ikisini, Begmyrat Otuzow bilen Haýyt Kakaýewi türmä basdyrdy. Otuzow häzirem türmede, Kakaýew bolsa ol ýerden öli çykdy.

Berdimuhamedow howpsuzlyk işgärlerini “töhmetçilere” garşy göreşe çagyrandan soň, Wenadaky Türkmen inisitiwasy toparynyň web-saytyna haker hüjümi edildi, F.Tuhbatullini fiziki taýdan ýoklamak planynyň çekilýänligi barada habarlar ýaýrady. Emma resmi Aşgabat bu barada hiç bir reaksiýa bildirmedi.

Belki-de, Berdimuhamedowyň Ç.Amanowyň işinden nägile bolmagy Tuhbatulline görülmekçi bolnan çäräniň öňünden bilinmegi bilen baglydyr.

Ýurduň düşen ýagdaýy

Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň akademigi Rejep Baýramowyň geçen ýyl Orsýetde çap edilen “Türküstan – ösüş ýoly” atly kitabynda Türkmenistanda ilatyň 80 prosent çemesiniň işsizdigi, türmeleriň adamdan doludygy, daşary ýurtlularyň işleýän ýerli adamlardan 5-10 esse köp aýlyk alýandygy aýdylýar.

Bäherdende ýaşaýan graždan aktiwisti Sazak Durdymyrat howpsuzlyk işgärleriniň tas hemme zada gatyşýandygyny, biznes etseňem, hatda okuwa ýa işe girjek bolsaňam howpsuzlyk gullugyndan arka gerekdigini, bu ýagdaýyň halkyň nägileligini barha artdyrýandygyny aýdýar.

Golaýda G. Berdimuhamedow Balkan welaýatyna “duýdansyz” sapar etdi. Garaşsyz žurnalist D. Ýazgulyýewiň aýtmagyna görä, şonda prezidentiň uçar meýdanyna tarap barýan ýolunyň ugry 2-3 km daş-töweregi bilen baglanyp, Aşgabat şäheriniň esli böleginiň transport hereketi doly diýen ýaly togtadydy. Ol bu hili ýagdaýyň soňky iki ýylda barha köp gaýtalanýandygyny, ilatyň ýol ýapmalardan, mejbury gatnaşmaly medeni ýa syýasy çärelerden, ýalan dabara-şowhundan halys ýadandygyny aýdýar.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaewiň pikirine görä, howpsuzlyk işgärleri prezidentiň daşynyň goragyny berkidip, ony halkdan we hakykatdan üzňeleşdirýärler. “Käbir duşuşyklarda prezident arzyny aýdan raýatyň meselesiniň çözülmegini aňsatlaşdyrýar, emma bu barada metbugatda habar berilmeýär” diýip, Bugaýew aýdýar.

Adyny aýtmazlygy soran 60 ýaşly aşgabatly žurnalist bolsa, Milli howpsuzlyk ministri Ç.Amanowa berlen käýinji Tunisde hem Müsürde bolýan wakalar bilen düşündirdi. “Ozalam biri guýa suwa ibermezinden öň, “küýzäni döwäýme” diýip, gyzyny urýarmyşyn. “O näme üçin beýdip bigünä çagany gynaýaň, küýzäni döwen bolsa başga gep?” diýip, goňşusy ara düşüpdir. “Wah, küýze döwülensoň uranymyň peýdasdy boljak däl, şoň üçin gyzymy öňünden urýan” diýip, garyp ene ýagdaýyny aýdypdyr. Şoňky ýaly, Berdimuhamedow hem soň giç bolar öýdýän bolsa bildiňmi?” diýip, howpsuzlyk alaladalary sebäpli adyny aýtmazlygy soran žurnalist aýdýar.

“Türkmen habar serişdeleri Tunis, Müsür wakalary barada habar bermeýär, emma halk bu habarlary sputnik antennalar arkaly alýar we adamlar toýda-ýasda diňe şonuň gürrüňini edýärler” diýip, ýerli jurnalist D. Ýazgulyýew aýdýar.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde milli howpsuzlyk ministri Ç.Amanowa berlen käýinç, bir tarapdan, “türkmen jemgyýetiniň parahat durmuşynyň binýatlaryny mundan beýläk-de berkitmek” bahanasy bilen tutuş halky gabawda, gorky astynda saklaýan howpsuzlyk resmisine öz hojaýyny tarapyndan çalnan nobatdaky şarpyk bolup görünse, ikinji tarapdan türkmen syýasatynda çüýrükligiň dowam edýänliginiň tassyknamasy bolup görünýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG