Sepleriň elýeterliligi

Iordaniýanyň patyşasy ýurduň hökümetini dargatdy


Iordaniýanyň patyşasy Abdylla ýurtda dowam edýän protestler sebäpli hökümeti dargatdy. Protestçiler ýurtda özgerişlikleriň geçirilmegini talap edip gelýärler.

Şa köşgüniň berýän maglumatlaryna görä, patyşa özüniň öňki harby maslahatçysy Maruf Bahiti ýurduň täze premýer-ministri wezipesine belläpdir.

Şeýle-de patyşa Bahitä täze hökümeti düzmegi we “hakyky syýasy reformalary” amala aşyrmagy tabşyrypdyr.

Müňlerçe iordaniýalylar her hepdäniň anna güni syýasy we ykdysady reformalary talap edip, protestleri geçirýärler. Şeýle-de protestçiler hökümetiň dargadylmagyny isleýärler.
XS
SM
MD
LG