Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lahor sudy tussag edilen diplomat boýunça karar çykardy


Pakistanyň Lahor şäheriniň sudýasy iki pakistanlyny öldürmekde aýyplanýan amerikan raýatynyň tussaglykda saklanmagy boýunça karar kabul etdi.

Şeýle-de Lahoryň ýokary sudunyň sudýasy hökümetden tussagyň ýurtdan daşyna çykmagy gadagan edilenleriň sanawyna goşulmagyny hem sorady.

Birleşen Ştatlar öz raýatynyň bikanun tussag edilendigini nygtap, Pakistana ony boşatmagy üçin çagyryş etdi.

Waşingtonyň bellemegine görä, tussag edileniň Wena Konwensiýasy esasynda el degrilmezlik statusy bar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiňiň metbugat wekili Filip Krowliniň aýtmagyna görä, tussag edilen diplomatyň özüni goramak maksady bilen adamlary atandygy baradaky delili bilen prezident Obamanyň administrasiýasy ylalaşýar.

Özüni Raýmond Dewis diýip tanadan amerikan raýaty geçen hepde Lahor şäherinde iki pakistanlyny öldürmekde aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG