Sepleriň elýeterliligi

Geçen ýyl Owganystanda parahat ilatdan 2,400 adam ölüpdir


Adam hukuklaryna gözegçilik edýän guramanyň aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň Owganystanda alyp barýan urşy döwründe 2010-njy ýyl Owganystanyň parahat ilaty üçin iň ganly ýyl bolupdyr.

Berilýän maglumatlara görä, geçen ýyl Owganystanda 2,400 töweregi parahat ilat ölüpdir.

Kabulda ýerleşýän “Owganystanyň hukuk gözegçisi” guramasynyň ýaýradan hasabatynda bellenmegine görä, parahat ilatdan ölümiň 60 prosentine talyplar we beýleki söweşijiler sebäp bolupdyr.

Şeýle-de bu hasabatda parahat ilatdan ölümleriň 21 prosentine halkara güýçleriň, 12 prosentine bolsa Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň jogäpkärdigi aýdylýar.

“Owganystanyň hukuk gözegçisi” guramasynyň aýtmagyna görä, 2009-njy ýylda Owganystanda 2,300-e golaý parahat ilat ölüpdir.
XS
SM
MD
LG