Sepleriň elýeterliligi

Adam hukuklary boýunça boş gürrüňlere ynanmak


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) Ýewropa Komissiýasynyň ýokary derejeli resmisi Andris Pibalgs bilen duşuşýar, Brýussel, 6-njy noýabr, 2007-nji ýyl.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) Ýewropa Komissiýasynyň ýokary derejeli resmisi Andris Pibalgs bilen duşuşýar, Brýussel, 6-njy noýabr, 2007-nji ýyl.

Dünýädäki repressiw hökümetleriň hiçisi adam hukuklary boýunça meseleler sebäpli jemyýetçilik basyşy bilen ýüzbe-ýüz bolmak isleýän däldir. Şol basyşyň öňüni almak üçinem häzirki hökümetler “dialog” we “hyzmatdaşlyk” strategiýasyny saýlap alýarlar – ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçýändigi üçin bu usul olary özüne çekýär. Gynansak-da, günbatar hökümetleri şeýle hilelere özlerini aldadýarlar. “Bir zatlar” edýän ýaly bolup görünmek islegi-de, olara dörän ýagdaýy üýtgetmäge päsgel berýär. Şol sebäpdenem olar repressiw režimleriň çemeçil ädimlerini goldaýarlar.

Kennet Ros halkara “Human Rights Watch” guramasynyň ýerine ýetiriji direktory.
Adam hukuklaryny dabaralandyrmak maksady bilen gurulýan dialogyň we hyzmatdaşlygyň hiç hili zyýanly tarapy ýok. Haçanda islendik bir hökümet demonstratiw görnüşde adam hukuklaryna sarpa goýmak islese we muny durmuşa geçirmek üçin ýeterlik resurslary we tejribesi bolmasa, şeýle ädimlere düşünmek bolar.

Emma adam hukuklaryna sarpa goýmaklary üçin hökümetleriň syýasy islegleriniň bolmagy gerek bolanda, beýanatlar we sanksiýalar ýaly umumy basyş zerur bolýar. Diňe hyzmatdaşlyga we ümsüm dialoga daýanmagyň reformalara ýol açmagyň deregine diňe taňkytçylaryň gözüne çöp atmak bolup galýanlygy hak. Ümsüm dialogyň we hyzmatdaşlygyň köplenç repressiw režimleri sessiz goldamak bolup görünýändigi zerarly adam hukuklaryny goraýjylar ýurduň içinde raýdaşlyga derek öz işlerine bolan biperwaýlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Günbatar döwletleri Eýran, Demirgazyk Koreýa, Sudan we Zimbabwa ýaly döwletleriň özlerini alyp barşy has hem zalymlaşyp, beýleki bähbitlere hem howp abanda, olara garşy jemgyýetçilik basyşyny etmäge ýykgyn edýärler. Emma, köp halatlarda bolşy ýaly, güýçleriň global deňagramlylygynyň üýtgemegi (esasanam Hytaýyň ösmegi), bazarlar we tebigy resurslar ugrundaky bäsleşigiň ýitileşmegi hem-de Günbatar döwletleriniň terrorizme garşy göreşde ýol berýän gödeklikleri we günbatarlylaryň bu meselede garaýyşlarynyň ahlak derejesiniň pese gaçmagy Günbatar döwletleriniň adam hukuklary boýunça berk pozisiýalarynyň gowşamagyna alyp bardy. Munuň ýerine olar, peýdasyzlygyna garamazdan, “dialog” we “hyzmatdaşlyk” ýoluny saýlap aldylar.

Mysal üçin…

Şu ýagdaýda esasy günä Ýewropa Bileleşiginiňki boldy. Mysal üçin, ÝB Birmadaky harby huntanyň eden wagşyçylyklary boýunça derňew geçirmekçi bolan komissiýany goldamakdan boýun gaçyrdy. ÝB-niň ýokary derejeli wekili Katerin Aşton şol wagt: “Aslynda biz milli häkimiýet organlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinmeli” diýdi. Emma Birmanyň harbylaryna basyş etmezden, ýörediljek bolunýan bu hyzmatdaşlyk gury hyýaldan başga zat däldi.

Ýewropa Bileleşigi Owganystandaky NATO-nyň harbylaryny üpjün etmek boýunça möhüm marşruta eýe bolan Özbegistanda 2005-nji yýldaky Andijan wakalary boýunça jogapkär adamalara garşy girizilen sanksiýalary ýatyrdy. ÝB şunuň bilen baglylykda sanksiýalaryň özbek hökümetini “ýekesiredýändigini” we “konstruktiw dialogyň öňüne böwet bolýandygyny” tekrarlady. Öz graždanlarynyň ýüzlerçesini öldürendigi üçin jogapkärdigini boýun almaýan hökümete ÝB-e yzygiderli basyş etmegiň ýerine, hamana, eglişik etse, dialogyň ýol aljaklygyna ynandy. ÝB ullakan tebigy gaz gorlaryna eýe bolan juda repressiw Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk boýunça täze ylalaşygyň öňüne-de şunuň ýaly basyşyň böwet bolup, Türkmenistanyň dialogdan uzaklaşmagyndan howatyrlanýandygyny aýtdy.

Adam hukuklary boýunça dialoglar anyk we umumy kesgitlenen kriteriýalara esaslandyrylan ýagdaýynda netije bermegi mümkin. Emma dialoga gatnaşyjylar anyk netijeler babatynda jogapkärçiligi öz boýunlaryna almajak bolýarlar. Munuň ýerine ÝB, hamana, dialogyň adam hukuklaryna sarpany artdyrmak däl-de, mylaýym gatnaşyklary ýola goýmak ýaly maksadynyň bardygyny, şol sebäpli adam hukuklary boýunça kriteriýalaryň dartgynlygyny has-da artdyryp, “ynamy berkitmek boýunça ädimleriň” roluny peseldip biljekdigini nygtaýar.

Adam hukuklary boýunça kriteriýalaryň öňden kesgitlenendigine garamazdan, ÝB-niň olara göz ýummagy adam hukuklary ugrundaky göreşiň netijeliligini pese gaçyrýar. Mysal üçin, Ýewropa Komissiýasy, türkmen hökümetiniň şeýle ylalaşygyň adam hukuklary boýunça standartlaryny ýerine ýetirmeýändigine garamazdan, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy we işbirligini dowam etdirýär. ÝB öz bu ädimini nädip düşündirip biler? Belkem, “has çuňňur hyzmatdaşlyk” we “dialogyň we hyzmatdaşlygyň täze çarçuwasy” bilendir?

Şonuň ýaly-da ÝB, Serbiýa bilen gepleşiklere başlamazdan ozal, öňki Bosniýaly serb, harby lider Ratko Mladiçiň tussag edilmegi üçin hakyky ädimleriň ädilmegine garaşmalydy. Ýöne beýle edilmedi, ÝB reallyga göz ýumup, gepleşiklere başlady.

Jemgyýetçilik sesi

Şu wagt ÝB-niň jemgyýetçilik sesini ýitirmezligi iňňän wajyp we ony ýitirmek üçin iň biwagt pursat, sebäbi repressiw hökümetleriň öz seslerini has gataltjakdygyna hiç hili şübhe ýok. Olar öz pozisiýalaryny dürli ýollar bilen berkidýärler. Mysal üçin, olar halkara derejesindäki urşuň günäkärlerine sud edilende, garalawjylaryň saýlanyp alynýandygyny aýdýarlar. Hytaýyň ykdysady ösüşiniň awtoritar ýoluny mahabatlandyrýarlar we Şri-Lankadaky harbylaryň graždanlary öldürmegini makullaýarlar.

Jemgyýetçilik basyşy repressiw döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmäge päsgelçilik hökmünde görülmeli däldir. “Human Rights Watch” guramasynyň öz tejribesi boýunça jemgyýetçilik jogapkärçiligi we jemgyýetiň pikirine täsir etmek islegleri hökümetleri has manyly gepleşiklere alyp barýar. Eger-de jemgyýetçilik guramalary bir wagtyň özünde hem repressiw liderler bilen gepleşik alyp baryp, hem-de olaryň adam hukuklaryny bozýandyklaryny aýdyp bilýän bolsalar, diýmek, hökümetler hem şeýle edip bilerler.

Ümsüm dialog we hyzmatdaşlyk – represssiw hökümetler özleriniň adam hukuklaryny bozýandyklaryny äşgär edip, geljekde muňa ýol bermezlik üçin hakyky ädimleri ätmäge taýýardyklaryny açyk görkezen halatlarynda mümkin bolup biler. Eger muny etmeseler, repressiýa jogap hökmünde jemgyýetçilik basyşyny ulanmaly bolar.

Adam hukuklaryny goramak hökümetler üçin iňňän seýrek ýagdaýda bähbitli bolup biler. Emma olar özleriniň beýleki bähbitlerini goramak isleýän bolsalar, manysyz dialoglaryň we netijesiz hyzmatdaşlygyň arkasyna bukulman, şeýle derejede gowşaklyga ýol berenlerinde – özleriniň-de adam hukuklaryny bozmak bilen deňeçer işe ýüz urýandyklaryny boýun alarlyk derejede mert bolmalydyrlar.

Kennet Ros halkara "Human Rights Watch" guramasynyň ýerine ýetiriji direktory. Kommentariýanyň asyl nusgasy ilki başda “International Herald Tribune” gazetinde çap edildi. Kommentariýadaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG