Sepleriň elýeterliligi

Mubarek indiki prezidentlik saýlawyna gatnaşmajakdygyny aýdýar


Müsüriň prezidenti Hosni Mubarek telewideniýe arkaly eden çykyşynda şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmajakdygyny yglan etdi.

Ol özüniň prezidentlik möhletiniň galan döwrüni asuda häkimiýet çalyşygy üçin ulanjakdygyny aýtdy.

Mubarek bu çykyşyny ýurduň köçelerinde ýüz müňlerçe adamyň gatnaşmagynda dowam edýän köpçülikleýin protestler wagtynda etdi. Olar Mubaregiň häkimiýetden çekilmegini talap edýärler.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň ýörite wekili hem prezident Mubaregi sentýabrdaky prezidentlik saýlawlaryna kandidaturasyny goýmazlyga çagyrdy diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG